Her ýyl 21-nji noýabrda bellenilip geçilýän Bütindünýä telewideniýe güni, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1996-njy yglan edildi. Bu güni parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysady we jemgyýetçilik ösüşi we medeni alyş-çalşygy giňeltmek ýaly meseleler boýunça telegepleşikler arkaly belläp geçmegi Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän döwletler teklip edýär. Aslynda, Bütindünýä telewideniýe güni telewizoryň tehniki taraplary bilen bagly bolman, durmuşymyza getirýän çäksiz ýeňillikleri we mümkinçiliklerini, peýdaly taraplaryny aýan etmek üçin bellenilip geçilýär. Şeýle hem  häzirki zaman dünýämizde telewideniýe aragatnaşyk we globallaşmagyň nyşanyna öwrüldi.

Telewideniýäniň takmynan bir asyrlyk taryhy bar. Elektron şöhlelerini belli aralyklara geçirmek we almak üçin ilkinji synaglar 1920-nji ýylyň başynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýaponiýada we Sowet Soýuzynda geçirilipdir.

1933-nji ýylda Wladimir Zworykin telewizoryň esasy bölegine öwrülen katod turbasyny oýlap tapmagy başarýar. Zworykiniň açyşynyň netijesinde 1936-njy ýylda Beýik Britaniýada we Germaniýada, 1941-nji ýylda bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda yzygiderli teleýaýlymlar başlanypdyr.

Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda teleýaýlymlar Ýewropada-da giňden ýaýrap ugraýar. Häzirki zaman dünýämizde, esasan hem, ýaşlaryň arasynda internetiň maglumat we güýmenje çeşmesi hökmünde meşhurlygynyň artýandygyna garamazdan, telewideniýe aragatnaşyk we globallaşmagyň nyşany hökmünde ähmiýetini ýitirmedi. Jemgyýetçilik pikiriniň döremegine we ýaş nesliň terbiýesine täsir edip, bütin dünýäde ähmiýetlidir.

Gülşat ÇETILIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.