Hytaýyň “Baidu” kompaniýasy alyp barýan işleriniň görnüşlerini köpeldýär. Ýurtda iň köp ulanylýan gözleg saýty bolan bu kompaniýa sürüjisiz ulaglary hem işläp düzýär. Birnäçe ýyldan bäri bu ugurda işleýän “Baidu” 2030-njy ýyla çenli 100 şäherde sürüjisiz taksi hyzmatyny ýola goýmagy maksaty edinýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Robin Li “Apollo Go” atly bu taslamanyň 2025-nji ýyla çenli 65 şäherde, 2030-njy ýylda 100 şäherde durmuşa geçiriljekdigini belledi.

Kompaniýa şu ýylyň aprelinde Pekindäki Senagat seýilgähinde “Robotaxi” atly sürüjisiz taksi hyzmatyny ýola goýupdy. Bu hyzmatdan peýdalanmak isleýän adamlar “Apollo Go” atly mobil goşundyny telefonlaryna ýükläp almaly we onuň üsti bilen taksini çagyrmaly.