“Ferrari” kompaniýasy “Icona” modelleriniň hataryna täze model goşdy. “2021 Ferrari Final Mondiali” atly dabarada hödürlenen bu ulagyň dizaýny “330 P3 / 4”, “350 Can-Am”, “512 S” modelleriniň ýaryş ulaglaryna meňzeýär. Täze model çäkli mukdarda öndüriler. Kompaniýa “Daytona SP3”-i “şu wagta çenli öndürilen iň aerodinamiki model” hökmünde häsiýetlendirýär. “Ferrari Daytona SP3” -iň 6,5 litrlik V12 hereketlendirijisi bar. Ulagyň motorynyň kuwwaty 840 at güýjüne barabar. Bu kuwwat “Ferrari”-iň şu wagta çenli iň güýçli hereketlendirijisi bolýar. 7 tizlik geçirijili ulag bary-ýogy 2,8 sekuntda 0-dan 100 kilometre çenli tizlenýär, 0-dan 200 km-e bolsa 7,4 sekuntda ýetýär. Italýan kompaniýasy “Icona” seriýasynyň ilkinji iki modeli bolan “Monza SP1”-i we “SP2”-ni 2018-nji ýylda çykarypdy.
“Icona” seriýaly ulaglar “Ferrari”-niň ozalky ulaglarynyň häzirki tehnologiýa bilen gaýtadan dizaýn edilen modelleridir.