Bütindünýä akwarel güni her ýylyň 23-nji noýabrynda bellenilýär. Bu üýtgeşik sungaty bütin dünýäde  bellemek, meksikaly suratkeş Alfredo Guati Roho (1918-2003 ý.)  tarapyndan ýola goýulýar. Meşhur akwarel suratkeşi dünýäniň gözelligini, ajaýyplyklaryny täsirli suratlandyrmakda, surat çekmegiň akwarel usulynyň güýjüne  ynanýan adam hökmünde 1991-nji ýylda bellenilmegini teklip edýär.

Rojonyň tagallasy bilen XX asyryň ikinji ýarymynda ak reňklere bolan gyzyklanma gaýtadan artypdyr. Ol ilki Meksikanyň akwareller jemgyýetini, soňra Akwarel muzeýini esaslandyrýar, şeýle jemgyýetleriň başga ýurtlarda döremeginde we onuň dünýä ýaýramagyna goşant goşýar. Islendik adam öz başarnygyna görä surat çekip biler, emma ony akwarel usulynda ussatlyk bilen çekmek welin her kime başartmaýar. Çünki ol inçe we üýtgeşik sungatdyr.

“Akwarel” sözi fransuz we italýan dillerinden gelip çykyp, “suwly” manyny berýär. Onuň ady surat usulynda ulanylýan reňkleriň görnüşlerini görkezýär. Olar suwda ereýän maddalara, ösümlik ýelimlerine esaslanýan boýaglardyr. Şeýle reňk serişdesiniň ulanylmagy, suratyň ýeňil we howaýy görnüşde çekilmegine we täsir galdyryjy suraty döretmäge mümkinçilik berýär. Akwareller üçin iň watman kagyzy we bristol kartony has amatly bolýar.

Akwarel usulynda surat çekýän häzirki zaman suratkeşleri diňe bir akwarel reňk serişdelerini we çotgalaryny däl,  eýsem, suratyň inçe syrlaryny we kyn böleklerini işlemek üçin akwarel galamlary hem ulanýarlar. Bu usulda işlän suratkeşleriň arasynda A.Dürer, Wan Deýk, K.Lorren, J.Kastilion dagyny aýratyn ýatlamak bolar.

Däp bolşy ýaly, Bütindünýä akwarel gününiň öňüsyrasynda, Akwarel jemgyýetleriniň gatnaşmagy bilen bu gyzykly surat usulynda işleýän suratkeşleriň suratlarynyň sergileri geçirilýär. Dünýäniň dürli şäherlerinde geçirilýän bu gün suratkeşleriň çeken zähmetine hormat goýmak bilen olaryň suratlaryna siňdiren döredijiligine ýokary baha bermek bilen bütin dünýäde guramaçylykly bellenilip geçirilýär.

 Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.