Pandemiýa döwründe köp iş ýerleri uzak aralykdan iş düzgünini ýola goýdy. Beýleki şäherlerde we daşary ýurtlarda geçirilýän ýygnaklaryň we maslahatlaryň hem onlaýn usulda geçirilmegi üçin mümkinçilik döredildi. Bu ýagdaý uzak aralykdan işlemegiň täze tejribelerini öwrenmäge mümkinçilik berdi. Köp edara-kärhana çeýe iş düzgünine geçdi. Angliýanyň iň uly banklarynyň biri bolan Atom bank işgärleriniň zähmet haklaryny azaltmazdan hepdelik dört günlük iş güni düzgünini ýola goýdy. Bankyň başlygy Mark Mullen mundan beýläk hepdede 5 gün 37,5 sagat işlemegiň ýerine, dört gün 34 sagat işleniljekdigini mälim etdi. Mullen: – “Covid”-iň bize şunuň gerekli däldigini görkezdi. Meniň pikirimçe hepdäniň birinji gününden bäşinji gününe çenli 9-dan 5-e çenli işlemek möwriti geçen iş düzgüni – diýip belledi.

Sanly bank ulgamynda iş alyp barýan bankyň 430 işgäri bar. Bank hepdäniň bäş güni hem işlär. Işgärler bolsa, birinji günden bäşinji güne çenli aralykda bir gün dynç alarlar.

Mullen pandemiýadan ozal her gün adamlaryň işe gatnamaly bolýandygyna, güni bilen bir stolda oturmalydygyna we munuň yzygiderli gaýtalanýandygyna ünsi çekip, pandemiýanyň muňa zerurlygyň ýokdugyny görkezendigini aýdýar.

Soňky wagtlarda geçirilen ylmy işler iş wagtyny azaltmagyň işgärleriň has höwesek we netijeli işlemegine oňyn täsir edýändigini ýüze çykardy. Şol sebäpli birnäçe kompaniýa çeýe iş düzgünini durmuşa geçirdi, iş wagtyny azaltdy. “Microsoft” kompaniýasynyň Ýaponiýadaky ofisi 2019-njy ýylda işgärleriniň aýlygyny azaltmazdan iş wagtyny dört güne düşürdi. Bu döwürde kompaniýanyň satuwynyň 40 göterim ýokarlanandygy anyklandy.