NASA Ýere urmak ähtimallylygy bolan asman jisimleriniň ugruny üýtgetmek üçin ulanyljak kosmos gämisini uçurdy. DART atly maksatnamanyň çäklerinde uçurylan kosmos gämisi “Dimorphos” atly asteroide baryp urar. Bu asteroid planetamyz üçin howp döretmeýär. Emma astronomlar şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin synag geçirýär. Kosmos gämisiniň asman jisimine urmagy bilen onuň tizligi peseldiler we ugry üýtgediler. NASA-nyň planeta gorag ofisiniň işgäri Kelli Fast bu taslama bilen asman jisiminiň orbitasynyň örän az üýtgejekdigini, munuň Ýer goramak üçin ýeterlik boljakdygyny belleýär.
Kosmos gämisi geljek ýylyň sentýabrynda asman jisimine baryň ýeter.