Günorta Koreýanyň Busan şäherinde suwuň ýüzündäki şäher gurlup başlandy. Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan goldaw berilýän “Oceanix” atly “ýüzýän” şäheriň 2025-nji ýyla çenli guruljakdygy mälim edildi. Taslamanyň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekilen şertnamanyň netijesinde guruljak şäherdäki binalaryň üçeginde Gün panelleri bolar. Gerek bolan elektrik energiýasy we süýji suwy şol şäherde arassa tehnologiýalar ulanmak arkaly öndüriler. Şeýle hem, bu taslama şeýle şäherlerde ýaşaýşyň nähili boljakdygyny bilmäge ýardam eder. Bu şäher birnäçe adadan ybarat bolup, suwdan goraýan infrastruktura bilen üpjün ediler. Suw ýokary göterilende, şäher hem ýokary galar. Şeýlelikde bu şäher suw joşmak howpundan azat bolar. Bu taslama üçin 200 million dollar özleşdiriler. Ilatly nokadyň ululygy entek belli bolmasa-da 75 gektar meýdany eýeleýän obalarda 10 müňe çenli adamyň ýerleşip biljekdigi mälim edilýär. Her platformanyň aşagyndaky kapasalar gabyklary suwotulary ýa-da beýleki deňiz önümlerini saklamak we arassalygy üpjün etmek üçin ulanylar. Şäheriň gurluşygynda polatdan alty esse ýeňil we otrisatel uglerodly çalt ösýän bambuk ýaly ýerli materiallardan peýdalanylar.