Bilşimiz ýaly diller maddy we ruhy mirasymyzy gorap saklamakda we olary ösdürmekde iň güýçli guraldyr. Ähli dilleri kabul etmek we oňa hormat goýmak – parahatçylygy saklamagyň esasy açarydyr. Her bir diliň şol halkyň taryhy gelip çykyşyny we däp-dessurlaryny görkezýändigi sebäpli, bu diller özboluşly hasaplanýar. Dil we adam bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dil adamyň daş-töweregindäki dünýäni we adam tarapyndan döredilen medeniýeti görkezýär. Bu gymmatlyk nesilden-nesle geçýär. Dil bilimiň guraly bolup, onuň kömegi bilen adam dünýäni we medeniýeti öwrenýär. Netijede, dil medeniýetiň guraly bolup, özüni alyp barşyny, ýaşaýyş durmuşyny, dünýägaraýşyny, milli häsiýetini kesgitleýär.
Adam dünýä inende, ol rus, nemes, ýapon we ş.m. milletde dogulman, ol ýaşaýan jemgyýetçilik ýerleriniň degişli milliligi netijesinde, dürli milletli bolýar. Çaganyň terbiýesi – onuň daş-töweregindäki milli medeniýeti saklaýan adamlaryň täsiri arkaly geçýär.
Dil diňe bir adamzadyň dünýäsini we onuň medeniýetini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem dil-medeniýeti gorap saklamak we ony nesilden-nesle geçirmek ýaly esasy wezipeleri özünde jemleýär. Şol sebäpli hem dil şahsyýetiň, milli häsiýetiň, halkyň etniki jemgyýetiniň we milletiniň kemala gelmeginde wajyp ähmiýetli orunlary eýeleýär. Şeýlelik bilen, ene diliniň ýaýramagyna goşant goşýan ähli ädimler diňe bir dil dürlüligini we köp dilli bilimi ösdürmäge däl, eýsem dünýäniň lingwistik we medeni däpleri bilen has içgin tanyşmaga hem hyzmat edýär, şol bir wagtda gepleşiklerde özara düşünişmeklige esaslanýan salyhatlylygy we çydamlylygy güýçlendirýär.
Başga bir diliň medeniýetine çuňňur aralaşmak gaty kyn bolsa-da, dilleri bilmek gözýetimimizi giňeldýär we biziň üçin dürli dünýäni açýar. Başga dillerde gepleýän adamlar bilen tanyşmak, biziň aratapawudymyzy öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Halklaryň milli aýratynlyklary bilen tanyşmak uly jemgyýetçilik ähmiýetine eýedir. Sebäbi milli özboluşlylyk milletleri has-da ýakynlaşdyrýar. Akademik D.S.Lihaçýew, «Beýleki halklaryň gözelligini görmek jemgyýetçilik duýgularynyň iň wajyp ussatlygydyr» diýip belläpdir.
Ene dili adama öz ýurduny, halkyny söýmäge mümkinçilik berýär we beýleki halklar we bütin Ýer togalagyna – beýik Watanymyz bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Bägül Kuradowa,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.