Bir bar eken, bir ýok eken. Ir zamanlarda tokaýda bir ýalta tilki ýaşaýan eken. Ol garnyny otarmak üçin hemişe tokaýyň beýleki jandarlarynyň ýanyna baryp, olaryň awundan iýýän eken. Ol şeýle bir ýalta bolup, onuň ýaltalygynyň soňy gelmändir. Emma wagtyň geçmegi bilen tilkiniň bu bolşuny tokaý jandarlary halaman, ony eklemekden ýüz dönderip ugrapdyrlar. Mekir tilki indi olaryň üsti bilen garnyny doýrup bilmejekdigine göz ýetirip, bu ýerden garasyny saýlamaly diýen karara gelýär. Ol az ýöräp, köp ýöräp ahyry bir külbäniň üstünden barýar. Tilki külbäniň gabat garşysynda çommalypdyr-da, ony synlamaga durýar. Birdenem tilkiniň burnuna ýakymly yslar urup ugraýar. Bu ýerde garryja kempir ýaşaýan eken. Ol şol gün çörek bişirip, sygryny sagyp, süýt hem bişiren eken. Kempir öýüň ilersindäki ekin meýdanyna çykan wagty, tilki jaýa girmegiň alajyny gözläp ugrapdyr. Ol ahyrsoňy aşhananyň penjiresiniň açykdygyny görüp, şol ýerden böküp içeri giripdir. Ol täze bişen mele-myssyk çöregi lak-luk atyp, süýdi hem içipdir. Ol bu ýerde başga-da gabat gelen zady ýalmapdyr. Açgöz tilki munuň bilenem oňman, sekiniň üstündäki küýzä kellesini sokup, içindäki süýdi başyna çekipdir. Süýdi soňky damjasyna çenli sokga soran ýalmawuz tilki kellesini küýzeden çykarmakçy bolanda bu oňa başartmandyr. Şol mahal öýüne dolanan kempir aşhanadaky kellesi küýzeli tilkini görüp, ör gökden gelipdir. Kempiriň gelendigini aňan tilki penjireden böküp ökjäni göteripdir. Öňüni görmän gaçyp barýan tilki ugruny ýitirip, şo barşyna derýanyň içine gaçypdyr. Bu gülkünç ahwalaty synlap duran gurbaga kenardaky daşlaryň birini alyp, küýzäni döwüpdir-de, tilkini bu beladan halas edipdir. Açgöz tilki gurbaganyň özüni halas edendigine begenip, oňa alkyş baryny aýdypdyr. Şonda tilki gabahat iş edendigine düşünip galypdyr. Indi gaýdyp hiç kimiň zadyna degmejekdigini söz beren tilki bu etmişini dagy-duwara gaýtalamandyr. Ol beýleki jandarlar bilen dostlaşyp, olara öz awuňy nädip almalydygyny öwredipdir.