Tebigatda dür­li se­bäp­le­re gö­rä «tans ed­ýän» ýa-da köp­lük bo­lup saz­la­şyk­ly he­re­ket ed­ýän dür­li jan­dar­lar bar. Ga­ra­sar­lar we to­kaý­da ýa­şa­ýan to­tu­la­ryň kä­bir gör­nü­şi­niň uçu­şy ha­ma­na ho­re­og­raf­dan tä­lim ala­na meň­ze­ýär. Guw­lar we dü­ýe­guş­lar hem dür­li owa­dan «tans­la­ry» ýe­ri­ne ýe­tir­ýärler­. Beýle jan­dar­lar di­ňe guş­lar däl, eý­sem, suw­da ýa­şa­ýan kä­bir jan­dar­lar hem şeýledir. Gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­da­ky der­ýa­dyr köl­ler­de ýa­şa­ýan Si­am ur­şa­gy at­ly ba­lyk (uruş­gan ba­lyk hem di­ýil­ýär) hem tä­sin «tan­sy» bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Saý suw­lar­da ýa­şa­ýan­dy­gy se­bäp­li bu ba­lyk­lar ak­wa­ri­um­lar­da hem sak­lan­ýar. Bu ba­ly­gyň ak­yly­ňy haý­ra­na goý­ýan owa­dan guý­ru­gy bol­ýar. Şeý­le bo­lan­soň reňk­li ba­ly­gyň bu gör­nü­şi 1850-nji ýyl­lar­dan bä­ri eme­li usul­lar­da kö­pel­dil­ýär. Bu ba­lyk­lar kä­ha­lat­lar­da guý­ru­gy­ny has-da pež­žerd­ýär. Alym­lar ba­ly­gyň haý­sy­dyr bir howp­dan go­ran­mak ýa-da howp dö­re­dip bil­jek baş­ga bir jan­da­ry gor­kuz­mak üçin guý­ru­gy­ny çi­şir­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ulu­ly­gy ba­ry-ýo­gy 5-6 sm bo­lan bu ba­lyk­lar ha­ma­na owa­dan guý­rugy­ny gü­jeň­le­ýän ýa­ly ha­ýal­lyk bi­len ýüz­ýär­ler. Ola­ryň tans ed­ýän ýa­ly öw­rüm­li he­re­ket­le­ri adam­la­ryň ün­sü­ni çek­ýär.