Türk­men hal­ky­nyň söý­gü­li şa­hy­ry, be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gin, has­sa bol­maz­dan bu­run» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, hal­ky­my­zyň sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, sag­dyn ne­sil­le­riň ke­ma­la gel­me­gi ug­run­da ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan bä­ri he­re­ket edip gel­ýän «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da uly öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di hem-de oňa ila­tyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy bo­ýun­ça köp mak­sat­ly ul­gam de­re­je­si be­ril­di. Bu ba­bat­da «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly döw­le­ti­miz üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li ýyl­la­ryň bi­ri bol­dy. Ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my ok­gun­ly ös­ýär.

Dün­ýä­de hal­kyň sag­lyk ýag­da­ýy ýur­duň aba­dan­çy­ly­gy­nyň iň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Çün­ki sag­dyn adam jem­gy­ýe­tiň gym­mat­ly baý­ly­gy bo­lup dur­ýar. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de hal­kyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri­dir. Oňa luk­man­çy­lyk çä­re­le­ri­niň top­lu­my de­giş­li bo­lup, ke­se­liň öňü­ni al­mak, adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak iň esa­sy mak­sat bo­lup dur­ýar.
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Sto­ma­to­lo­gi­ýa okuw-önüm­çi­lik mer­ke­zin­de iň ýo­ka­ry teh­ni­ki we hü­när de­re­je­sin­de ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek mak­sa­dy bi­len äh­li şert­ler we müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len. Bu ýer­de sto­ma­to­lo­gi­ýa fa­kul­te­ti­niň ta­lyp­la­ry üçin ýö­ri­te in­te­rak­tiw mul­ti­me­di­ýa tag­ta­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan zal­la­ryň iki­si, Or­to­pe­di­ýa we hi­rur­gi­ýa sto­ma­to­lo­gi­ýa­sy ka­fed­ra­sy­nyň, Te­ra­pew­tik sto­ma­to­lo­gi­ýa ka­fed­ra­sy­nyň, Ça­ga sto­ma­to­lo­gi­ýa­sy we Sto­ma­to­lo­gi­ýa bo­ýun­ça dip­lom­dan soň­ky taý­ýar­lyk ka­fed­ra­la­ry­nyň okuw we be­je­riş otag­la­ry, in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan fan­tom otag­la­ry­nyň iki­si göz öňün­de tu­tu­lan.
Şeý­le-de bu ýer­de ça­ga­lar, te­ra­pew­tik, hi­rur­gik, or­to­pe­dik sto­ma­to­lo­gi­ýa we funk­sio­nal anyk­la­ýyş ýa­ly bäş bö­lüm iş­le­ýär. Mer­ke­ze nä­sag­la­ryň il­kin­ji ýüz tut­ma­gy gi­gi­ýe­ni­ki otag­dan baş­lan­ýar. Bu ýer­de ça­ga­la­ra agyz boş­lu­gy­nyň gi­gi­ýe­na­sy üçin se­riş­de­le­ri saý­lap al­mak we olar­dan dog­ry peý­da­lan­mak öw­re­dil­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da mer­kez­de fi­to­be­jer­gi ota­gy bo­lup, ol ýer­de der­man­lyk ösüm­lik­le­ri­ ulan­mak ar­ka­ly «Ir­ri­ga­tor» en­ja­myn­dan giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Rent­ge­no­lo­gik otag­da ýo­ka­ry du­ru­lyk­ly rent­gen şe­kil­le­ri­ni al­mak üçin äň-ýüz tö­we­re­gi­niň üç öl­çeg­li rent­gen su­ra­ty­ny al­ýan en­jam­la­ryň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri bo­lup, olar ýo­kar­ky we aşa­ky äň­le­riň anyk­la­ýyş su­ra­ty­ny al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär­ler.
Şo­nuň ýa­ly hem or­to­pe­dik sto­ma­to­lo­gi­ýa bö­lü­min­de CAD/CAM ota­gy ýer­leş­di­ri­len. Bu en­ja­my­ň kö­me­gi bi­len ke­ra­mi­ki, plast­massa, me­tal­dan aý­ryl­ma­ýan gur­na­ma­la­ry taý­ýar­lap bol­ýar. Bu­lar ko­ron­ka­lar, dol­du­ry­jy­lar, wi­nir­ler, hu­su­sy abat­ment­ler, köp­ri gör­nüş­li pro­tez­ler­den yba­rat­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu til­si­mat­la­ryň ula­ny­ly­şy­nyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňeýär. Ope­ra­si­on bö­lüm­den yba­rat hi­rur­gik sto­ma­to­lo­gi­ýa bö­lü­mi Ger­ma­ni­ýa­nyň meş­hur «SI­RO­NA» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «In­te­go» sto­ma­to­lo­gik en­ja­my bi­len ab­za­llaş­dy­ry­lan. Sto­ma­to­lo­gi­ýa okuw-önüm­çi­lik mer­ke­zi ça­ga, te­ra­pew­tik, or­to­pe­dik we hi­rur­gik sto­ma­to­lo­gi­ýa ugur­la­ryn­da sto­ma­to­log luk­man­la­ry dip­lom­dan öň­ki we dip­lom­dan soň­ky taý­ýar­ly­gy üçin okuw-be­je­riş we yl­my iş­le­ri ge­çir­mek bo­ýun­ça bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. Mer­ke­ziň luk­man­la­ry ka­fed­ra­nyň mu­gal­lym­la­ry bi­len bir­lik­de mek­de­be çen­li ýaş­da­ky ça­ga­la­ryň öňü­ni alyş bar­lag­la­ry­ny ge­çir­mek­de uly iş­ler ge­çir­ýär­ler. Hormatly Prezidentimiziň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­byn­da be­ýan edi­len der­man­lyk ösüm­lik­le­ri ulan­mak bi­len diş­le­riň ka­ri­ýe­si­ni anyk­la­mak, onuň öňü­ni al­mak, pa­ro­dont ke­sel­le­ri­ni be­jer­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mer­kez­de şu gün­ki gün luk­man­lar öz nä­hoş­la­ry­na iň ýo­ka­ry hü­när we teh­ni­ki de­re­je­de ýö­ri­te­leş­di­ri­len sto­ma­to­lo­gik hyz­mat­la­ryň giň ge­ri­mi­ni hö­dür­läp bil­ýär­ler. Mer­ke­ziň iş­gär­le­ri hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de öz­le­ri­niň sal­dam­ly go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar.
Il sag­ly­gynyň ýurt baý­ly­gy­na de­ňel­ýän ýur­du­myz­da sag­lyk ul­ga­myn­da­ky bu be­lent sep­git­ler her bir türk­men ra­ýa­ty­ny be­gen­dir­ýär, buý­san­dyr­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra de­re­je­­dä­ki at-ab­ra­ýy­ny has-da beý­geld­ýär. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de, goý, my­da­ma sag­dyn­lyk hem ag­zy­bir­lik hö­küm sür­sün! Pa­ra­hat­çy­lyk we aba­dan­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni, Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny ýö­red­ýän hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag , be­lent ba­şy aman bol­sun, ýur­du­my­zyň ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Gur­ban­dur­dy Ora­zow,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň te­ra­pew­tik sto­ma­to­lo­gi­ýa ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.