Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da sag­dyn­ly­gyň ýur­dy ha­sap­lan­ýan döw­le­ti­miz­de spor­ty ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu ugur­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de eziz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len aja­ýyp sport top­lum­la­ry, sta­di­on­lar, ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­ri we beý­le­ki des­ga­lar gu­rul­dy. Bi­lim eda­ra­la­ry­nyň – mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň, or­ta hem-de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň gur­lu­şyk­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­ny­lan­da, olar­da sport dü­zü­mi­ne de­giş­li des­ga­lar, sta­di­on­lar­dyr sport meý­dan­ça­la­ry göz öňün­de tu­tul­ýar.
Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ta­rap­da­ry bo­lan döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mö­hüm döw­let iş­le­rin­den wagt ta­pyp, yzy­gi­der­li sport bi­len meş­gul­la­nyp, bu ba­bat­da äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­za, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­la­ra şah­sy gö­rel­de gör­kez­ýär. Be­den maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek sag­ly­gy ber­kit­mek bi­len bir ha­tar­da, adam­la­ryň asyl­ly iş­le­re, dö­re­di­ji­lik we zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň raýatlarynyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgesini kada öwürmegini ündeýär. Şonuň üçin Diýarymyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli türgenleri taýýarlamak meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.
Sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­ma­ga, spor­ty gol­da­ma­ga we ýaş­la­ry­my­zyň ylym­ly-bi­lim­li, sag­dyn, hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­ler mil­li ka­nun­çy­ly­gy­myz­da hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si ta­ra­pyn­dan «Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da­ky» Ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň bu ugur­da­ky ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­di.
Mer­ke­zi Azi­ýa­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­çe­si ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär. Hal­ka­ra öl­çeg­le­re do­ly la­ýyk gel­ýän top­lu­myň äh­li des­ga­la­ryn­da dür­li de­re­je­dä­ki ýa­ryş­la­ry, şol san­da tür­gen­le­şik­le­ri we köp­çü­lik­le­ýin me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­mä­ge ze­rur şert­ler bar.
Ýur­du­myz­da or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­dan baş­lap, her ýyl­da gu­ral­ýan umu­my­mil­li spar­ta­kia­da­la­ra köp san­ly adam­la­ryň gat­naş­ma­gy Di­ýa­ry­myz­da spor­ta uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. «Türk­me­nis­tan – ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» ady bi­len umu­my­mil­li oýun­la­ryň ge­çi­ril­me­gi, hormatly Prezidentimiziň köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­ni we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak­da uly üs­tün­lik­le­re ýe­til­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da­ky ir­gin­siz ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, türk­men tür­gen­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ýar­lar. Şu ýy­lyň tom­sun­da Ýa­po­ni­ýa­nyň To­kio şä­he­rin­de ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da türk­men tür­ge­ni­niň ga­za­nan me­da­ly hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy bo­lan ata Wa­ta­ny­myz­da spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri giň ge­rim­de ös­dü­ril­ýär, hal­ky­my­zy köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mä­ge, sag­dyn we berk be­den­li ýaş­la­ry, us­sat tür­gen­le­ri ke­ma­la ge­tir­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da we­lo­si­ped we aw­tou­lag spor­ty hem uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar, spor­tuň suw­da ýüz­mek gör­nüşi bi­len meş­gul­lan­ma­ga is­leg bil­dir­ýän­le­riň sa­ny gün-gün­den art­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň iň ab­raý­ly sport ýa­ryş­la­ry­ny türk­men döw­le­tin­de ge­çir­mä­ge hu­kuk ga­zan­ma­gy hem sport ul­ga­myn­da uly ösüş­le­re ýe­til­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Sport di­ňe bir be­den iş­jeň­li­gi­ni ka­da­laş­dyr­man, ol ru­hy dün­ýä­ňi, aň-dü­şün­jä­ňi hem kä­mil­leş­dir­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ýaş­la­ryň akyl zäh­me­ti­niň, dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri­niň ýyg­jam­laş­ma­gy­nyň ag­la­ba­sy spor­tuň ber­ýän oňyn ne­ti­je­le­ri­dir. Şol nuk­daý­na­zar­dan ugur alyp, ra­ýat­la­ry­my­zyň 7 ýaş­dan 70 ýa­şa çen­li äh­li­si di­ýen ýa­ly spor­tuň haý­sy hem bol­sa bir gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ýar.
Goý, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­re ba­dal­ga ber­ýän, türk­men spor­tu­nyň ab­raý-mer­te­be­si­ni beý­gel­dip, şa­ny­ny dün­ýä dol­dur­ýan hor­mat­ly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!

Po­lat ÇA­RY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.