Ýer ýüzünde aşa yssy hem-de sowuk, köp ýagyş ýagýan, hiç hili ygal düşmeýän, adam aýagy sekmedik tokaýlyklar, hiç hili ösümlik gögermeýän buzluklar we beýleki bir-birinden tapawutly ýerler bar. Käbir ýurtlar bolsa, gury ýerden has alysdaky adalarda ýerleşýär. Gury ýere iň uzak ýer Nemo nokady hasaplanýar. Bu at meşhur fransuz ýazyjysy Žýul Weriň “Deňziň astynda 20 müň lýo” eseriniň gahrymany kapitan Nemo bagyşlanyp goýlupdyr. Nemo latynçada “hiç kim” diýmegi aňladýar. Ol ýer hem hiç kimiň barmaýan künjegi bolansoň, şeýle atlandyrylypdyr.
Nemo nokady özüne iň ýakyn üç adadan 2688 km uzaklykda ýerleşýär. Onuň demirgazygynda Dýusi adasy, demirgazyk-gündogarynda Ister adalaryndan Motu Nui we günortasynda Antarktikanyň golaýyndaky Maher adasy bar.
Bu nokat resmi taýdan 1992-nji ýylda kanadaly kartograf Hrwoýe Lukatela tarapyndan anyklanypdyr. Lukatela muny kompýuter arkaly geçiren barlaglarynyň netijesinde tapypdyr. Şol sebäpli bu aralyklar hakykatdakysyndan birnäçe metr az ýa-da köp bolup biler.
Nemo nokady gury ýere şeýle bir daş welin, hatda ol ýere kosmonawtlar has ýakyn bolýarlar. Kosmos edaralary bu nokady “Günorta Ýuwaş ummanynyň çola sebiti” diýip atlandyrýarlar. Ol ýere gämili barylmansoň, köplenç halatda kosmosda ulanyşdan galan enjamlar Ýere taşlanmaly bolanda, şol ýere gondurylýar. Olaryň arasynda raketalar, kosmos gämileri we kosmos beketleri bar. Emma Ýeriň atmosferasyna daşardan gelýän islendik zat kisloroda degeninde ýanyp başlaýar. Eger aşa uly bolsa, käbir bölekleri ýere gaçyp bilýär. Kiçiräk zatlar bolsa, ýanyp ýok bolup gidýär. Şol sebäpli bu çola ýere kosmos galyndylary taşlanýan hem bolsa, olaryň diňe käbir bölekleri gelip düşýär.
Ummanyň bu çola ýerinde o diýen köp jandar ýa-da ösümlik ýok. Sebäbi ol ýerde güýçli akym bolup, suw jandarlaryň ýaşamagyna mümkinçilik bermeýär.