Germaniýanyň koalisiýa düzmek üçin ylalaşan täze hökümeti raýatlyk we ýokary hünärleri işgärleriň ýurda göçüp barmagyny ýeňilleşdirmegi meýilleşdirýär. Sosýalistler, Liberallar we Ýaşyllar partiýalarynyň gol çeken 177 sahypalyk koalisiýa ylalaşygynda täze hökümetiň mundan beýläk iki raýatlyga rugsat edýän kanun taslamasyny taýýarlajakdygy bellenilýär. Häzirki wagtda ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, bu ýurduň raýaty bolmak üçin beýleki ýurduň raýatlygyndan ýüz öwürmeli bolýar. Diňe käbir ýagdaýlarda adamlardan bu şert talap edilmeýär. Koalisiýa ylalaşygynda raýatlygyň üçünji ýyldan soňra käbir integrasiýa şertlerini ýerine ýetirenlere bäşinji ýyldan soňra berlip bilinjekdigi bellenilýär. Häzirki wagtda altynjy ýyldan soňra käbir şertleriň ýerine ýetirilmeginden soňra sekiz ýylda raýatlyk alyp bolýar. Täze kanuna görä, daşary ýurtlular Germaniýada dünýä inen çagalaryna ene-atasyndan biriniň ýurtda kanuny ýagdaýda 5 ýyldan köp wagt bolan ýagdaýynda şertsiz ýagdaýda nemes raýatlygy berilýär. Häzirki wagtda Germaniýada birnäçe ýyldan bäri ýaşaýandygyna garamazdan, dil ýa-da asyl ýurdunyň raýatlygyndan ýüz öwürmänligi sebäpli raýatlyk almadyk müňlerçe ýaşaýjy bar. Hatda olaryň arasynda geçen asyryň 60-njy we 70-nji ýyllarynda Günorta Ýewropa ýurtlaryndan bu ýurda göçüp baran işçileriň çagalary hem bar. Häzirki hereket edýän kanunda belli bir derejede nemes dilini bilmek hem talap edilýär. Mundan başga-da, häzirki kanunda bar bolan “Nemes ýaşaýyş äheňine laýyk ýaşamak” diýen ýaly gümürtik şertleriň ýerine täze kanunda has düşnükli şertler bolar.
Üçtaraply koalisiýa ykdysady ösüşiň öňündäki iň uly päsgelçilikleriň biri bolan ökde hünärmen ýetmezçiligi meselesini hem aradan aýyrmagy we ýurdy okuwly migrantar üçin has özüneçekiji etmegi maksat edinýär. Bu maksat bilen daşary ýurtlular bu ýerde okamak ýa-da şägirtlik mekdebine gitmek üçin wiza berilmegi ýeňilleşdiriler.