Beýik Britaniýada Uiltşir graflygynyň çäklerinden dünýä belli Stounhenjden uzakda bolmadyk ýerden gadymy ybadathana toplumy tapyldy. Tapyndynyň Stounhenjiň iki ýarym kilometr uzaklygyndan ýüze çykarylandygy habar berilýär. Stounhenj çylşyrymly desga bolup, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.
Ýüze çykarylan toplumyň ýaşy 5600 ýyl diýlip, çak edilýär. Alymlar onuň Stounhenjden müň töweregi ýyl ozal, gurlandygyny tassyklaýarlar. Häzirki wagtda arheologlar bu desganyň bäşden bir bölegini gazyp agtardylar. Ol umumy merkezi bolan aýlawdan ybarat bolup, olary suw akýan ýap birleşdirýär. Şeýle hem gorag germewi bolup, hyzmat edýän daşky aýlawyň diametri 200 metrden ybarat. Alymlar ganawdan alty litre çenli suw saklamaga ukyply bolan çanaklary ýüze çykardylar.
Açyş bu etrapda Stounhenj gurulmazdan kän ýyl ozal hem ýaşaýyş bolandygyny subut edýär. Mundan ozal, alymlar Stounhenjiň aýratyn bir ýadygärlik däl-de, eýsem, onuň ägirt uly ybadathana toplumynyň bir bölegidigini mälim edipdiler. Häzirki wagta çenli bu desganyň töwereginden 17 sany näbelli ýadygärlik ýüze çykaryldy.
Göwher Mömminowa,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.