Ýaşyl meýdançanyň daşynda hem içinde edýän gopgunly hereketleri bilen meşhurlyk gazanan italiýaly futbolçy Mario Balotelli häzirki wagtda Türkiýäniň Süper Lig-iniň klublaryndan Adana Demirspor toparynda çykyş edýär. Onuň çykyş edýän klubunyň şäheri (welaýaty) ýagny Adana bolsa, kebaby bilen belli şäherdir. Jerimesi sebäpli şu tapgyrda oýnaljak Kasympaşa duşuşygyny goýbermeli boljak Balotelli topardaşy Gökhan Inler bilen şäheriň kebapçylarynyň birine bardy. Ol bu ýerde Adananyň dünýä belli kebaplaryndan we beýleki tagamlardan, şol sanda süýjüliklerden naharlandy. Ol aýratynam inçe we uzyn turbada bişirilen kebaby has gowy görendigini aýtdy. Restorynyň eýesi Ýaşar Aýdyn Balotelliniň kebaby gowy görýändigini, güýjüni Adananyň kebaplaryndan alýandygyny, onuň gol geçirmegine ýardam berýändigini belläp geçdi. Balotelli we Inleriň kebapçydaky suratlary sosial media arkaly paýlaşyldy we köpler tarapyndan ýokary baha berildi.