Takmynan üç milliard ýyl ozal Ýeriň aşaky gatlaklarynda ýokary temperatura we basyş uglerod atomlarynyň kristallaşmagy netijesinde göwheri emele getiripdir. Dünýäniň iň gymmatly daşlarynyň biri bolan göwher, diňe estetika duýgusyny daşky görnüşleri bilen janlandyrman, eýsem, “iň gaty” materiallaryň hem biri hasaplanýar.
Alymlar indi bu gymmatly daşyň täze görnüşini laboratoriýa şertlerinde öndürmegi başardylar. Adaty göwherlere garanyňda ýylylyga çydamly bolan bu material beýleki gymmat bahaly daşlardan tapawutlanýar. ABŞ-nyň Jorj Mason uniwersitetiniň Howard Şengiň ýolbaşçylygynda hünärmenleri täze emeli göwheri öndürmegi başardy. Gözleg topary adaty usulda emele gelen göwherleriň iki esasy molekulýar gurluşynyň bardygyny mälim edýär – kristal gurluşlar we “tertipsiz” gurluşlar. Emma öndürilen bu täze göwher bu iki görnüşiň aralygyndaky molekulýar gurluşa eýe. “Parakristalin” diýlip atlandyrylýan bu täze göwheri öndürmek üçin ulanylýan basyş Ýeriň iň çuň nokady bolan Mariana çöketligindäki basyşdan 270 esse ýokarydyr. Öndürilýän temperatura gurşawy 1200 derejeden ýokary. Hünärmenler öndüren täze materialynyň göwher ýaly gaty we temperatura çydamlydygy üçin senagat gurallarynda ulanmak üçin örän amatlydygyny bellediler.