27-nji noýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ýokary derejede geçirilen bu gezekki duşuşyk iki doganlyk halklaryň netijeli gatnaşyklarynyň köpasyrlyk ýyl ýazgysyna täze wajyp sahypany ýazar. Şeýle hem ol taryhy taýdan umumy medeniýeti we ruhy däpleri bolan türkmen hem-de türk halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini şertlendirýär.
Gözbaşyny ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy onuň ösdürilýändigini aňladýar. Iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak we dostluk gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde okgunly ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rejep Taýyp Ärdoganyň yzygiderli aladasy netijesinde, döwletara gatnaşyklary barha pugtalandyrylýar. Ýokary derejedäki guralýan özara saparlar Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygyň we söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açýar.
Prezident Ärdogan Türkmenistanyň ordeni bilen sylaglandy
Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen ýokary döwlet sylagy gowşuryldy.