Kosmosda üstümizdäki ýylda köp täzeligiň bolmagyna garaşylýar. Olaryň arasynda älem giňişligi bilen bagly taslamalar hem az däl. Şular barada maglumat bermegi müwessa bildik.
Saturny öwrenmek maksady bilen ugradylan “Cassini” emeli hemrasy halkaly planetanyň ajaýyp suratlaryny ugradar. 15-nji sentýabrda emeli hemra planetanyň bulut halkalarynyň arasyna girer. 1997-nji ýylda uçurylan emeli hemra 2004-nji ýyldan bäri, bu planetanyň orbitasynda hereket edýär. Aslynda 13 ýyldan bäri orbitada bolan enjamyň beýle uzak wagt ulanylmagyna garaşylmaýardy. Ol NASA-nyň iň köne emeli hemralarynyň biri hasaplanýar. Ýupiteriň orbitasynda hereket edýän “Voyager” we “Galileo” hem “ýaş” hasaplanmaýar. “Cassini”-niň ähli enjamlarynyň saz işleýändigi aýdylýar. Ol özüne tabşyrylan ýumşuň tamamlanmagynyň öň ýanynda iň jogapkärli işi ýerine ýetirer. “Cassini” gaz, tozan we buz bölejiklerini tutup, olary seljerer we ýokary durulykda surata düşürer. Sentýabr aýynyň ortalarynda ondan maglumat alynmagy bes ediler. Aslynda, astronomlar ony mundan hem uzak wagtlap ulanmak isleýärler. Emma onuň ýangyjy azalyp barýar. Şol sebäpli ony dolandyrmak kynlaşýar. Onuň Saturnyň hemralaryna özbaşdak gaçmagy hem islenmeýär. Sebäbi, emeli hemrada häzirem bardygy çaklanylýan mikroplaryň “ýokuşmagy” mümkin. Esasan hem, diýseň dykyz atmosferasy bolan Titandan hem-de buz bilen örtülen we aşagynda uly umman bar bolan Enseladdan ägä bolunýar. Enseladdaky ummanda ýaşaýşyň bolup biljekdiginiň çaklanylýandygy sebäpli astronomlar emeli hemrany belli bir ýere gondurmagyň aladasyny edýär.
Halkara kosmos bekedi hem Ýeriň orbitasynda aýlanmagyny dowam etdirer. Adatdakysy ýaly onuň ekipažy alty aýdan üýtgäp durar.
Täze gämi peýda bolar
Ýylyň ahyrynda “SpaceX” şereketi bekede täze gämisini ugradar. Häzirki wagtda bekede ýük gatnatmakda “Dragon”, kosmonawt gatnatmakda hem “Soýuz” kosmos gämilerinden peýdalanylýar. Kosmonawtlary atmosferanyň daşyna çykaryp, ýene-de yzyna getirmekde peýdalanylýan amerikan gämileri 2011-nji ýylda öz işlerini tamamlapdylar. Şondan bäri, ruslaryň “Soýuzyndan” peýdalanylýardy. “SpaceX”-iň raketalary we gämileri olaryň ýerine peýdalanylar.
“SpaceX”-iň “Falcon Heavy” raketasy hem şu ýyl uçurylar. Ol geljekde Marsa gitmek üçin peýdalanylar.
Indiki ýyl bolsa, kosmos teleskopy “Hubble”-yň deregini tutjak, emma ondan has kämil hemra älem giňişligine ugradylar.
Planetalar ýyldyz ýaly bolup görner
Ýeriň beýleki goňşusy Wenera ýanwar-fewral aýlarynda asmanda ýyldyz ýaly bolup görner. Aprelden başlap, alty aýlap, ir säher ýyldyz ýaly bolup görner. Ýupiteri bolsa, gijäň ýaryndan soňra görmek bolar. Saturn günorta ýarymşarda has uly bolup görner. Ol iýun aýynda has gowy göze iler.
Meteorit “ýagyşlary” bolar
Üstümizdäki ýyl has köp “ýyldyzyň süýnmegine” hem garaşylýar. Has dogrusy, meteoritler atmosfera gaçar. 10-14-nji awgust aralygynda, 16-19-njy noýabr aralygynda, 11-14-nji dekabr aralygynda meteorit “ýagyşlary” bolar. 21-nji awgustda doly Gün tutulma hadysasy bolar. Ol diňe ABŞ-nyň çäklerinde täsirli bolar. Bu hadysa 2 minut 40 sekunt dowam eder. Täsin tebigy hadysa Demirgazyk we Orta Amerikada hem doly däl halda bolup geçer. 26-njy fewralda Günorta Amerikada we Afrikanyň käbir ýerlerinde Gün tutular. Aý Günüň öňüne geler, emma ol kiçi bolansoň, öňüni doly ýapyp bilmez. 7-nji awgustda Awstraliýada, Aziýada, Afrikada we Ýewropanyň uly böleginde Aý tutulma hadysasy bolar. Emma Ýeriň hemrasy dolulygyna tutulmaz.