28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça YHG-nyň dö­re­di­len gü­nün­de ge­çi­ri­len sam­mit öz işi­ne baş­la­ma­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da žur­na­list­ler ta­ra­pyn­dan, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len köp­ta­rap­ly gep­le­şik­le­riň we on­da ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan me­se­le­le­riň sy­ýa­sy äh­mi­ýe­ti na­za­ra al­nyp, umu­my­dün­ýä äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ryň ha­ta­ryn­da go­ýul­dy.
Öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra ha­bar­lar agent­lik­le­ri, mag­lu­mat-syn por­tal­la­ry, te­le­wi­de­ni­ýe ýaý­lym­la­ry hem-de köp san­ly in­ter­net se­riş­de­le­ri Aş­ga­bat sam­mi­ti­ne we onuň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ra syn ber­di­ler. YHG-a ag­za döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry­ny, tek­lip­le­ri­ni hem-de baş­lan­gyç­la­ry­ny, ab­raý­ly se­bit­le­ýin gu­ra­ma­nyň işi­niň gel­jek­ki ugur­la­ry­ny tes­wir­le­di­ler.
Tür­ki­ýä­niň «Ana­do­lu» ha­bar­lar agent­li­gi, Eý­ra­nyň «Mehr­news» we IR­NA, Pa­kis­ta­nyň «As­soсia­ted Press of Pa­kis­tan» agent­lik­le­ri hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň, Azer­baý­ja­nyň san­ly hem-de met­bu­gat köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk ba­ra­da il­kin­ji­ler bo­lup ses­len­di­ler.
Aş­ga­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­ler köp san­ly da­şa­ry ýurt­la­ryň elekt­ron ne­şir­le­ri­niň üns mer­ke­zin­de bol­dy. Rus­si­ýa­nyň PRI­ME yk­dy­sa­dy ha­bar­lar agent­li­gi YHG-a ag­za ýurt­la­ryň Li­der­le­ri­niň gu­ra­ma­nyň çäk­le­rin­dä­ki yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň me­se­le­le­ri­ne se­ret­jek­dik­le­ri­ni ha­bar ber­di. Şun­da ener­ge­ti­ka hem-de onuň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri, ulag ul­ga­myn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň hem-de pan­de­mi­ýa ýo­kan­jy­na gar­şy gö­reş­mek, onuň ýa­ra­maz tä­si­ri­ni azalt­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm üns be­ril­jek­di­gi bel­le­nil­di.
Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­da­ýy ka­da­laş­dyr­mak ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan me­se­le­le­riň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Rus­si­ýa­nyň «RIA No­wos­ti» hal­ka­ra ha­bar­lar agent­li­gi YHG-nyň Ow­ga­nys­tan­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň wa­jyp­dy­gy­ny yk­rar ed­ýän­di­gi­ni hem-de bu ýur­dy di­kelt­mek, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek bo­ýun­ça mil­li, se­bit we äh­lu­mu­my ta­gal­la­la­ry bir­leş­di­rip, üýt­gew­siz gol­daw be­ril­me­li­di­gi ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­ny be­ýan et­di.
«Kas­piýs­kiý west­nik» mag­lu­mat-syn por­ta­ly öz ge­ze­gin­de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­niň Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň sam­mi­ti­ne il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ol se­bi­ta­ra we hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak, aý­ra­tyn-da, YHG-a ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de onuň päs­gel­çi­lik­le­ri­ni ara­dan aýyr­mak bo­ýun­ça Eý­ra­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny, tek­lip­le­ri­ni be­ýan et­di.
Pa­kis­ta­nyň «As­socia­ted Press of Pa­kis­tan» ha­bar­lar agent­li­gi Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň ag­za ýurt­la­ry­nyň eýe­le­ýän geost­ra­te­gik ýag­da­ýy hem-de Hy­taý, Ýew­ro­pa, Rus­si­ýa we Pars aý­la­gy ýurt­la­ry bi­len goň­şu­çy­lyk­da ýer­leş­ýän se­bi­tiň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy.
«YHG-a ag­za döw­let­le­riň gat­naş­ma­gyn­da iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy, ha­ky­kat­dan-da, yk­lym­da tä­ze geoyk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­giň eme­le gel­me­gin­de hil taý­dan tä­ze ädi­mi ala­mat­lan­dyr­ýar, hyz­mat­daş­lyk, da­şa­ry ýurt­la­ryň iri ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­ni çek­mek, bir­nä­çe dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar» diý­lip, şu gün­ler çap edil­ýän ma­ka­la­lar­da bel­le­nil­ýär.

Öz­be­gis­ta­nyň Mil­li ha­bar­lar agent­li­gi, bu goň­şy ýur­duň sam­mi­tiň işi­ni giň­den be­ýan eden «uz.sput­nik­news», «yuz.uz», «da­rakchi.uz» in­ter­net se­riş­de­le­ri 2022-nji ýyl­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na baş­lyk­lyk et­me­giň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na geç­me­gi bi­len Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry­na, hu­su­san-da, YHG-nyň çäk­le­rin­de BMG-niň Se­na­gat ösü­şi bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy hem-de BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri üçin Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy (SPE­KA) bi­len bi­le­lik­de Söw­da, ma­ýa go­ýum­lar we in­no­wa­si­ýa­lar mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi­ne ün­si çek­di­ler.
AZER­TAC we TREND ha­bar­lar agent­lik­le­ri, öz no­ba­tyn­da, Azer­baý­ja­nyň Pre­zi­den­ti­niň tä­ze ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek hem-de mö­hüm yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri­ni nyg­ta­dy­lar.
Gyr­gy­zys­ta­nyň «24.kg» ha­bar­lar agent­li­gi Prezident Sa­dyr Ža­pa­ro­wyň YHG-a ag­za döw­let­le­riň bu gu­ra­ma­nyň mak­sat­la­ry­na, we­zi­pe­le­ri­ne ýet­mek üçin, şol san­da yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we yl­my, şeý­le hem ägirt uly te­bi­gy se­riş­de­le­ri­ne eýe­dik­le­ri ba­ra­da­ky aý­dan pi­kir­le­ri­ni ge­tir­ýär.
Tä­ji­gis­ta­nyň tä­ze­lik­ler saýt­la­ry – «tj.sput­nik­news» hem-de «ta­ji­kis­tan24.com» in­ter­net se­riş­de­le­ri ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi we te­bi­gy he­läk­çi­lik­le­riň we­him­le­ri­ni pe­selt­mek me­se­le­le­ri­ne çyn­la­kaý üns ber­me­gi tek­lip eden Pre­zi­dent Emo­ma­li Rah­mo­nyň çy­ky­şy­ny be­ýan et­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Tä­ji­gis­ta­nyň 2025-nji ýy­ly «Buz­luk­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek, Buz­luk­la­ryň Bü­tin­dün­ýä gü­nü­ni esas­lan­dyr­mak hem-de YHG-da Buz­luk­la­ryň hal­ka­ra gaz­na­sy­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri­niň gol­da­nyl­jak­dy­gy­na ynam bil­di­ril­di.
Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nistri­niň res­mi mag­lu­mat se­riş­de­siniň habarlary hem hal­ka­ra ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ün­sü­ni çek­di. Hu­su­san-da, Rus­si­ýa­nyň meş­hur TASS ha­bar­lar agent­li­gi Ga­za­gys­ta­nyň hö­kü­met Baş­tu­ta­ny­nyň her ýur­duň bäs­deş­lik ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny hem-de müm­kin­çi­lik­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, gu­ra­ma­nyň çäk­le­rin­de söw­da akym­la­ry­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça «Ýol kar­ta­sy­ny» iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tek­lip eden­di­gi­ni bel­le­di.
YHG-nyň Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len 15-nji sam­mi­ti­niň işi, on­da be­ýan edi­len tek­lip­ler, fo­ru­myň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len çä­re­ler, hu­su­san-da, iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar we YHG-nyň işe­wür­lik mas­la­ha­ty ba­ra­da «Mir» döw­le­ta­ra te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Mir 24» te­le­ýaý­ly­my hem-de in­ter­net por­ta­ly, SNG.TO­DAY, «Cent­ral Asia.news» saýt­la­ry, köp san­ly beý­le­ki­ler jik­me-jik ha­bar ber­di­ler.
Hy­ta­ýyň «Sin­hua» ha­bar­lar agent­li­gi sam­mi­tiň jem­le­ri bo­ýun­ça özün­de ag­za ýurt­la­ryň se­bit yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek we pug­ta­lan­dyr­makda ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny jem­le­ýän He­re­ket­le­riň Aş­ga­bat Yla­la­şy­gy­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Mah­la­sy, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan we ge­çi­ri­len 15-nji sam­mi­ti Türk­me­nis­ta­nyň bu gu­ra­ma­da üs­tün­lik­li baş­lyk­lyk et­me­gi­niň je­mi­ni jem­läp, bi­le­lik­dä­ki müm­kin­çi­lik­le­ri ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň me­se­le­le­ri­ni hem-de ýol­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin mö­hüm meý­dan­ça bol­dy.