1980-nji ýylyň ilkinji çagasy 2017-nji ýylyň birinji bäbegini dünýä inderdi.
Islandiýada 37 ýyldan soň, täsin ýagdaý eme­le geldi. 1980-nji ýylda ilkinji doglan ça­galaryň biri bolan ýurduň Selfoss şä­he­riniň ýaşaýjysy Katrina Gudjonsdottir 2017-nji ýylyň ilkinji çagasyny dünýä indirdi. Mu­­nuň bilen baglanyşykly habarlar ýurduň met­bu­gat neşirlerinde çap edildi.
Og­lanjyk ýerli wagt bilen gije ýarysyndan 3 mi­nut ge­çenden soňra dünýä indi. Ol maşgalanyň 3-nji çagasy boldy. Çaganyň we onuň ejesiniň ýag­­da­ýy­nyň kanagatlanarlydygy mälim edildi. Tä­ze dog­lan bäbegiň ejesi Katrina 1980-nji ýylda özü­­niň hem ilkinji doglan çagadygyny uly şatlyk bi­­len belläp geçdi.
Şeýlelikde, ejesi we oguly şol bir günde doglan gün­lerini belläp geçmek bilen çäklenmän, eýsem, dün­ýäde seýrek duş gelýän derejäniň hem eýe­si boldular. Şeýle rekord üçin hiç hili baýrak göz öňünde tutulmandyr, ýöne Gudjonsdottir maş­ga­lasy eýýäm dünýä metbugaty arkaly meşhur bol­dular.