Awstraliýa resmi taýdan Awstraliýa Arkalaşygy diýlip atlandyrylýar. Adybir materikdäki Tasmaniýa adasy we köp sanly kiçi adalar bu ýurduň çägine girýär. Ýurduň tutýan meýdany 2 million 941 müň 300 inedördül kilometre barabar bolup, bu ugurda dünýäde altynjy ýerde durýar. Ýurduň 26 milliona golaý ilaty bar. Köp adam bu ýurduň paýtagtynyň Sidneýdigini pikir edýär. Opera binasy bilen kenarýaka Sidneý şäheri has meşhur hem bolsa, ýurduň paýtagty Kanberra. Awstraliýanyň çäkleri Okeaniýa yklymyny emele getirýär. Okeaniýa Ýer ýüzüniň iň az hasylly, ýagny gurak yklymy hasaplanýar. Hindi we Ýuwaş ummanlary bilen gurşalan Awstraliýanyň çäginiň uludygy sebäpli köplenç «ada materigi» hem diýilýär. Awstraliýanyň deňiz kenarlarynyň umumy uzynlygy 34 müň 218 kilometre ýetýär. Onuň ululygynyň esasy sebäpleri bolsa demirgazyk-gündogarynda tropik tokaýlarynyň, günorta-gündogarynda dag gerişleriniň, günorta-günbatarynda we gündogarynda daglaryň we merkezinde çölleriň köp bolmagydyr. Ýurt kontinental sebitde ýerleşip, ýyllyk ortaça 500 mm-den az ygal düşýär. Ýurduň ilatynyň köp bölegi günorta-gündogar kenarlarynda ýaşaýar.
Ýurt gurak hasaplanýan hem bolsa, gür tokaýlary, köp sanly derýadyr kölleri, täsin ýerleri we endemik jandarlary bilen meşhurdyr. Ýurtdaky täsinlikleriň biri hem Hillier kölüdir. Bu köl gyzylymtyl gülgün reňki bilen tapawutlanýar. Şor suwly bu köl Reçerçe arhipelagynyň iň uly adasy bolan Orta adada ýerleşýär. Ummana golaý ýerleşýän kölüň uzynlygy 600 metr, ini 250 metr bolup, 16 gektar meýdany tutýar. Hillier kölüniň üstüni 1802-nji ýylda britan nawigatory we kartografy Metýu Flinders açýar. Günbatar Awstraliýadaky tomus aýlarynda ýitip gidýän beýleki reňkli köllerden tapawutlylykda Hillier kölüniň reňki bir gaba alnanda-da üýtgemeýär. Materikdäki köller adadakydan tapawutlylykda diňe belli bir möwsümde reňkini üýtgedýär. Hillier kölüne guşuçar belentlikden seredilende has owadan görünýär. Şol sebäpli bu köle we beýleki tebigy gözelliklere tomaşa etmek üçin ýörite howa gatnawlary amala aşyrylýar. Onuň gülgün reňki düzümindäki «Dunaliella» atly suwoty bilen baglydyr. Kölüň suwy 1950-nji ýyllarda ylmy taýdan öwrenilipdir. Şeýle suwotular ýurtdaky beýleki köllerde hem bar.
Bedrämizi gögümtil reňkli deňze batyryp, onuň suwuna seredenimizde onuň durudygyna, ýagny reňksizdigine göz ýetirýäris. Emma Hillier kölündäki suw çüýşä guýlanda, onuň reňki hiç hili üýtgemeýär.
Birnäçe ýyllap kölden duz çykarylypdyr, ýöne häzirki wagtda diňe syýahatçylyk maksatly ulanylýan kölüň suwy adam derisine hiç hili zyýan ýetirmeýär.