90-njy ýyllarda peýda bolan internet häzirki wagtda dünýäde iň gerekli zerurlyklaryň birine öwrüldi. Dürli maksatlar üçin ulanylýan internet, esasan, aragatnaşyk we maglumat çeşmesi hökmünde peýdalanylýar. 2000-nji ýyllardan soňra internetiň ulanylyşy has-da artdy. Dünýäniň hemme ýerinde diýen ýaly adamlar bu hyzmatdan giňden peýdalanýar. Birleşen Milletler Guramasyna degişli Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigi (ITU) dünýäde internetiň ulanylyşy barada maglumat ýaýratdy. Hasabata görä, pandemiýa döwründe internet ulanylyşy rekord derejede – 10 göterim artypdyr. 2019-njy ýylda 4,1 milliard bolan internet ulanyjylarynyň sany 2021-nji ýylda 4,9 milliarda ýetipdir. Dünýäniň 8 milliarda golaý ilaty bolup, olaryň 2,9 milliardy internetden peýdalanmandyr. Bu bolsa, 39% diýmegi aňladýar.
Tawus ANNAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.