Häzirki wagtda öýde ýa-da mekdepde kompýuter ulanýarys. Bu enjamyň stolda goýulýan, ýanyňda göterilýän we has kiçi görnüşleri bar. Işimizi aňsatlaşdyrýan kompýuterler haçan we nädip oýlanyp tapyldy? Kompýuter oýlanyp tapylmazdan ozal adamlar näme ulanýardylar? Kompýuteriň oýlanyp tapylan gününden bäri bolup geçen üýtgeşmeleri bilelikde gözden geçireliň!
Ilki bilen kompýuteriň näme diýmegi aňladýandygyna seredeliň! Kompýuter ulanyjydan alýan maglumatlary bilen arifmetiki we logiki amallary ýerine ýetirip bilýän, bu amallaryň netijelerini ýadynda saklaýan we gerekli wagty şol maglumatlary alyp bolýan elektron enjamdyr. Birnäçe ýyl ozal, kompýuter diýlende diňe stoluň üstünde goýulýan kompýuter göz öňümize gelýärdi. Ösýän tehnologiýa bilen akylly sagatlar we beýleki enjamlar hem peýda boldy. Bu enjamlar hem kompýuteriň bitirýän köp işini edip bilýär.
Irki döwürlerde adamlar çylşyrymly hasaplara zerurlyk duýmandyrlar. Wagtyň geçmegi bilen çylşyrymly hasaplamalara zerurlyk ýüze çykypdyr. Hasaplamalary ýeňilleşdirmek üçin dürli gurallar işlenip düzülipdir. Olaryň biri hem abakusdyr. Ol 3000 ýyl ozal hytaýlylar tarapyndan işlenip düzüldi. Halk arasynda «çot» diýilýän bu enjam häzirki wagtda birlik, onluk we ýüzlük ýaly sanlary öwretmek maksady bilen başlangyç synplarda okuw esbaby hökmünde ulanylýan hem bolsa, birnäçe ýyl ozal hasaplaýyş enjamynyň deregine ulanylýardy.
Ilkinji mehaniki hasaplaýyş enjamy 1642-nji ýylda fransuz matematigi Blez Paskal tarapyndan işlenip düzüldi. Bu enjamda onluklary goşup we aýryp bilýän çarh bolupdyr.
1672-nji ýylda nemes matematigi we filosofy Gotfrid Wilgelm Leibniz Paskalyňky ýaly, ýöne has ösen enjam oýlap tapdy. Goşmak we aýyrmakdan başga-da, bu enjamda bölmek, köpeltmek we kwadrat kök amallaryny hem ýerine ýetirip bolýan eken. Paskal we Leibniz tarapyndan işlenip düzülen bu enjamlar giňden ulanylmady.
Döwrebap kompýuterleriň oýlanyp tapylmagyna sebäp bolan adamlaryň biri hem Çarlz Bebbijdir. Iňlis alymy 1820-nji ýyllarda birnäçe sanlary hasaplap bilýän ilkinji awtomatik hasaplaýyş maşynyny oýlap tapýar.
Geçen asyrda elektron tehnologiýasy has-da ösýär. Senagatyň hem ösmegi bilen has uly, bir jaýyň içini tutýan kompýuterler peýda bolýar. Emma bu kompýuterler gündelik durmuşda adamlaryň ulanylmagyna niýetlenilmändir.
Geçen asyryň ikinji ýarymyndan soňra tehnologiýanyň barha ösmegi netijesinde kompýuterler has kiçelip başlaýar. Ilkinji kompýuter «syçanjygy» 1960-njy ýylda öndürilýär. Iki metal tigirçekli bu syçanjyk agaç gabaraly bolupdyr. 1975-nji ýyldan soň kompaniýalar ulanyjylar köpçüligi üçin niýetlenen kompýuterleri öndürip başlapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen kompýuteriň ýerine ýetirýän işini giňeldýän CD-ROM, klawiatura, ekran we printer ýaly goşmaça enjamlar peýda bolýar. 1981-nji ýylda ilkinji ýan kompýuter «Osborne 1» satuwa çykarylýar. Adam Osborn tarapyndan işlenip düzülen bu kompýuteriň agramy häzirkiler ýaly ýeňil bolmandyr. 5 dýuým ekrany, 64 kb ýady bolan we iki disket dakylýan «Osborne 1»-iň agramy 10,7 kilogram eken.
1989-njy ýylda peýda bolan internet kompýuterler, jübi telefonlary, awtoulaglar we başga-da köp tehnologiýalar bilen birleşdirilip, durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.