Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­tin­dä­ki ýurt­la­ra eks­port ed­ýän ne­bi­ti­niň muk­da­ry­ny 2 es­sä go­laý art­dyr­dy. Ge­çen ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Hin­dis­ta­na, Hy­ta­ýa, Gü­nor­ta Ko­re­ýa we Ýa­po­ni­ýa ibe­ri­len ne­bi­tiň möç­be­ri bir gi­je-gün­diz­de 1,94 mil­li­on bar­re­le deň bol­dy. Bu gör­ke­zi­ji 2015-nji ýy­lyň no­ýab­ry bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 117 gö­te­rim köp­dür. Bu ba­ra­da “Reu­ters” ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
2016-njy ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da bol­sa, Eý­ran­dan Azi­ýa ýurt­la­ry­na ibe­ri­len ne­bi­tiň muk­da­ry iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­jä deň bol­dy. Ol Hal­ka­ra ener­gi­ýa agent­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 2010-njy ýyl­dan soň, ýe­ti­len ýo­ka­ry sep­git bo­lup, 1,99 mil­li­on bar­re­le ba­ra­bar­dyr.
Soň­ky dö­wür­de Gü­nor­ta Ko­re­ýa hem-de Hin­dis­ta­na ibe­ril­ýän ne­bi­tiň möç­be­ri ep-es­li kö­pel­di. Soň­ky aý­lar­da Eý­ra­nyň ne­bi­ti­ni iň köp im­port ed­ýän ýurt Hin­dis­tan­dyr. Soň­ra bu sa­naw­a de­giş­li­lik­de Hy­taý, Gü­nor­ta Ko­re­ýa we Ýa­po­ni­ýa girýär.