Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň şu gün – 6-njy dekabrda Hindistana resmi sapary başlanýar. “Iki ýurduň arasyndaky aýratyn strategik hyzmatdaşlyk” Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen geçiriljek gepleşikleriň gün tertibine giriziljekdigi habar  berilýär.

Moskwanyň “Karnegi” merkeziniň bilermeni Aleksandr Gabuýew Hindistanyň Moskwa üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, şeýle diýdi:

-Häzirki wagtda Russiýa ümzügini gündogara tarap öwürýär. Hytaý bilen hyzmatdaşlygy barha giňeýär. Russiýa Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki mümkinçiliklerini diwersifikasiýa etmegi meýilleşdirýär. Hindistan onlarça ýyl bäri Russiýanyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr. Meniň pikirimçe, bu ýüzbe-ýüz sammit, Wladimir Putiniň Hindistan bilen gatnaşyklara – Aziýa syýasatyna has köp ähmiýet berýändigini görkezýän subutnamadyr.

Wladimir Putin we Narendra Modi yzygiderli duşuşýarlar. Bu sapar her ýylda geçirilýän 21-nji Hindistan-Russiýa sammitine gabat gelýär. Russiýanyň daşary işler we goranmak ministrleri Putin bilen Nýu-Delä gidip, goranmak, halkara hyzmatdaşlygy we sebit syýasaty barada 2+2 gepleşik geçirerler.