Innowasiýalaryň ösen häzirki eýýamynda oba hojalyk ulgamynda köp maksatly robotlar ulanylýar. Ol robotlar hyzmat ediş kategoriýasyna degişli bolup, şeýle robotlara agrorobotlary, maldarçylykda ulanylýan robotlary, dronlary degişli etmek bolar. Dünýäde 2017-2020-nji ýyllar aralygynda oba hojalyk robotlarynyň sany görnetin ýokarlandy. Meýdan robotlaryny öndürmekde Ýewropa ýurtlary öňdebaryjy bolmak bilen, Demirgazyk Amerikanyň we Aziýa sebitiniň paýy 10%-den geçmeýär. Oba hojalygynda peýdalanylýan robotlar birnäçe ugurlara bölünýär, ýagny iýmit paýlaýjy robotlar, dökün arassalaýjy we döküji, ot-iým daşaýjy we ýükleýji, robot traktorlar, robot ulaglar, ýyladyşhanalar üçin niýetlenen robotlar we beýlekiler.

Oba hojalygynda robotlar näme üçin zerur?

Dünýä ilatynyň sanynyň ýyl-ýyldan köpelmegi, ilatyň azyk önümlerine bolan isleginiň ýokarlanmagy, oba hojalygynda işçi güýjüniň azalmagy, oba hojalygynda çykdajylaryň artmagy, ýetişen hasylyň wagtynda ýygnalmandygy sebäpli ýüze çykýan zaýaçylyk – bularyň ählisi oba hojalyk pudagyny awtomatlaşdyrmaga esas döredýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda ykjam we stasionar robotlarynyň giňden ulanylmagy esasynda awtomatlaşdyrylan oba hojalygyna geçmekde anyk çäreler görülýär we iş ýüzünde ornaşdyrylýar. Bu bolsa önümçiligiň gowulanmagy bilen birlikde önümçilik çykdajylarynyň hem peselmegine getirýär. Dürli kompaniýalar tarapyndan öndürilýän ”akylly” robotlar birnäçe amallary ýerine ýetirmäge ukyply bolup has önjeýli işleýär.

Oba hojalygyny robotlaşdyrmagyň esasy meseleleri hökmünde şulary tapawutlandyrmak bolar:

Gözegçilik we çaklama;

Hil görkezijileri gowulandyrmak;

Bu pudagyň daşky gurşawa zyýanly täsirini azaltmak;

Öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;

Önümçiligiň howpsuzlygyny artdyrmak;

Iş orunlary bilen bagly meseleleri çözmek;

Tehnikalary ulanmagyň mümkinçiliklerini giňeltmek we ş.m.

Şulardan hem görnüşi ýaly, oba hojalygyny sanlylaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak häzirki wagtda döwrüň talaby bolmak bilen, şeýle çäreleriň alnyp barylmagy bolsa ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan oba hojalyk ulgamynyň ösmegine täsirini ýetirýär.

Babyş Atjanow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.