“Mazda” kompaniýasy 2022-nji ýylda Ýewropada satuwa çykarjak B segmentine degişli heçbek modelini tanyşdyrdy.  “Mazda2” atly ulag “Toyota Yaris Hybrid“-iň täzeden brendleşdirilen görnüşidir. Golaýda Ýewropada “Ýylyň awtoulagy saýlanan “Toyota Yaris Hybrid” gibrid motory bilen ýangyjy ýokary derejede tygşytlamaga ýardam edýär. “Mazda2” ady bilen Ýewropa bazaryna hödürlenjek ulagyň dizaýny “Toyota Yaris Hybrid” bilen bütinleý meňzeş. Ulagyň diňe logosy üýtgedilipdir. Bu ýagdaý haýran galdyryjy däl, sebäbi iki kompaniýa öňden bäri hyzmatdaşlyk edýärler. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde amerikan bazarynda munuň tersi ýagdaý bolupdy. ABŞ-da satuwa çykarylan “Toyota Yaris Hybrid” “Mazda2”-niň täzelenen brendi hökmünde müşderilere ýetirilipdi.

Ulagyň iç tarapynda minimalist dizaýn ünsi çekýär. Ulagyň öň tarapynda örän kiçi görkeziji ekran hem-de ortada kiçiräjik multimedia ekran bar. Şäher içinde sürmäge niýetlenen ulagyň göwrümi 1,5 litre barabar bolan hereketlendirijisiniň kuwwaty 91 at güýjüne barabar. Gibrid motor goşulanda bu görkeziji 114 at güýjüne ýetýär. 100 km/sagat tizlige 9,7 sekuntda ýetýän ulagyň gibrid ulagyň elektrik motory öz-özünden zarýad alýar. Bu bolsa, ýangyjyň sarp edilişini iň az derejä ýetirýär. Täze ulagyň 2022-nji ýylyň ýaz aýlarynda Ýewropa bazarynda satuwa hödürlenjekdigi mälim edildi.

Iki ýapon brendi geljekde hem bilelikdäki ulag önümçiligini dowam etdirmekçi bolýar.