Kanadada geçirilen täze gözlegler itleriň diňe “tur, otur, ýat!” ýaly buýruklary däl-de, 89 söze düşünip we ýatda saklap biljekdigini ýüze çykardy. Geçirilen gözleglerde dürli it tohumlarynyň eýeleri bilen gatnaşygy öwrenildi. Orta hasap bilen itleriň 89 sözi ýatda saklap we jogap berip bilendigi habar berildi. Esasan hem, has akylly tohumlarda we itlerde bu sanyň 215-e ýetip biljekdigi aýan edildi. Şeýle-de bolsa, bilermenler itleriň köp söze jogap bermegi öwrenmegi üçin taýýarlygyň zerurdygyny bellediler.