Öý şertlerinde dürli otag ösümlikleri bilen bir hatarda iýmit maksatly käbir otlar we bakja ekinleri hem ösdürilip ýetişdirilýär. Indi bolsa hünärmenler balarylary “öý jandarlaryna” öwürmegi maksat edinýär. Munuň üçin “BEEcosystem” atly ulgam döredildi. Amerikaly işewürler Datsin Bets we Maýkl Zangl tarapyndan işlenilip düzülen diwara berkidilýän gurluş bilen peýdaly mör-möjekleriň ähmiýetini, olaryň peýdaly taraplaryny wagyz etmegi maksat edinilýär. Ilkinjij gezek 2015-nji ýylda öndürilen bu enjam 2019-njy ýylda has-da kämilleşdirildi. Täsin dizaýnly bu gurluşy binanyň, öýüň daşynda ýa-da içinde howpsuz gurup bolýar. Ulgamyň içinde awtomatlaşdyrylan ýörite iýmitlendiriji gurluş bolup, hereketli enjamlar arkaly bal ýygnalýar. Şeýle-de gurluşy daşarky sreda bilen baglanyşdyrýan, balarylaryň daşyna çykmaklaryna we yzyna gelmeklerine mümkinçilik berýän turba ornaşdyrylypdyr. Bu geçiriji turbalaryň giňligi, ululygy balarylaryň sanyna görä ulaldylyp ýa-da kiçeldilip bilinýär.

Häzirki wagtda “BEEcosystem” ulgamy Ýewropa ýurtlarynyň öýleriniň, meşhur restoranlarynyň ençemesiniň, käbir kompaniýalaryň ofisleriniň bir bölegine öwrüldi. Ulgamy döredijiler ony satyn alanlaryň hoşaldygyny bellemek bilen, geljekde bu ulgamyň balaryçylyga we ekokärhanalara gymmatly goşant goşjakdygyny öňe sürýärler. Bu ulgam geljekki nesil üçin ekologik bilimi artdyrmaga, sosial gurşawy derejede ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şular bilen birlikde bu ulgam oba hojalyk pudagyny şäher durmuşy bilen baglanyşdyrmaga hem giň ýol açýar.

Döwlet Durdyýew,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.