Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar Horwatiýanyň Şengen sebitine girmegine razylyk berdi. Häzirki wagtda ÝB-niň döwürleýin başlyklygyny ýerine ýetirýän Sloweniýanyň içeri işler ministri Ales Hoj agza ýurtlaryň içeri işler ministrleriniň ýygnagynda bu barada habar berdi. Hoj ÝB ýurtlarynyň Horwatiýanyň “Şengen” düzgünlerini dolulygyna durmuşa geçirmek üçin gerekli şertleri ýerine ýetirendigini makullaýandygyny aýtdy.
Ýewropa Bileleşiginiň içeri işlerden jogapkär agzasy Ilwa Ýohansson hem Horwatiýanyň “Şengen” sebitine girmäge taýýardygyny belledi.
Horwatiýanyň “Şengen” sebitine girmegi we beýleki “Şengen” ýurtlary bilen serhet gözegçiliginiň aradan aýrylmagy üçin Ýewropa Geňeşi tarapyndan tassyklanmaly bolar.
2013-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine agza bolan Horwatiýa Ýewro sebitine hem girmäge isleg bildirýär.
“Schengen” sebitine 26 Ýewropa ýurdy degişli bolup, bu ýurtlaryň raýatlary öz aralaryna beýleki ýurda ygtyýarnama almazdan dürli maksatlar bilen gidip bilýärler. Şeýle hem dünýäniň altmyşdan gowrak ýurdy “Şengen” ýurtlaryna wizasyz girip bilýär.