Hytaýyň paýtagty Pekinde “Baidu” hem-de “Pony.ai” şereketleri ýüzden gowrak sürüjisiz ulagy synag maksady bilen işe girizdi. L4 atly taksiler 60 kwadrat kilometr meýdany eýeleýän ykdysady ösüş zonasynda hereket edýär. Ulag sürüjisiz hem bolsa, ýüze çykyp biljek bökdençligiň öňüni almak üçin bir sürüji ulagda oturýar. Müşderilere ulaga münmezden ozal nyrhnama we tölegiň görnüşi barada maglumat berilýär. “Baidu”-nyň söwda maksatly awtonom ulag amallarynyň dolandyryjysy Wang Şengnan bu hyzmatyň 25-nji noýabrda ýola goýlandygyny, şondan bäri bu hyzmatdan peýdalanýan müşderileriň sanynyň barha artandygyny belleýär. Bu döwürde köp adam sürüjisiz ulaglar barada köp zat öwrenipdir. Onuň sözlerine görä, müşderileriň 94 göterimi bu hyzmatdan hoşal bolupdyr.
Wang awtonom hyzmatdan töleg alynmagynyň esasy maksadynyň tehnologiýanyň kämilleşdirilmegi we müşderileriň öwrenişmeginden ybaratdygyny aýdýar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary şeýle ulaglardan peýdalanan müşderileriň pikirlerini bilmek we maslahatlaryny almak isleýär.
Golaýda Hytaýyň birnäçe şäherinde sürüjisiz awtobuslaryň hem söwda maksatly hereketi ýola goýlupdy.
Ýolbars Baýramow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.