Niderlandlarda şu ýylyň 17-nji martynda geçirilen saýlawdan soňra ýurduň wagtlaýyn hökümet başlygy Mark Rýutteniň ýolbaşçylygyndaky Azatlyk we demokratiýa üçin halk partiýasy (VVD), Demokratlar 66 (D66), Hristiýan demokrat partiýa (CDA) we Prawoslaw hristiýan bileleşigi partiýasy (CU) koalisiýa hökümetiniň düzülmegi üçin ylalaşdylar. Täze dörediljek hökümete Rýutteniň ýolbaşçylyk etjekdigi bellenilýär. Täze koalisiýa 2017-nji ýyldan bäri häkimiýetde bolan dört partiýadan ybarat.