Bol­ga­ri­ýa­da Halk mej­li­si ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len ses ber­li­şik­de Ki­ril Pet­ko­wyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän tä­ze hö­kü­me­ti tas­syk­lan­dy. Hö­kü­me­tiň tä­ze dü­zü­mi­ne 134 de­pu­tat oňyn ses ber­di, 104 de­pu­tat gar­şy bol­dy. Ses ber­li­şik­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýol­baş­çy­sy we ag­za­la­ry tas­syk­lan­dy. Hö­kü­me­tiň ag­za­la­ry ýur­duň Baş ka­nu­ny­na we ka­nun­la­ra uý­jak­dyk­la­ry­na ka­sam et­di­ler.
41 ýaş­ly Pet­kow Ka­na­da­nyň Wan­ku­wer şä­he­rin­dä­ki Bri­tan Ko­lum­bi­ýa­sy uni­wer­si­te­tin­de ma­li­ýe ug­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry bi­lim al­dy. Soň­ra Gar­ward uni­wer­si­te­tin­de Mar­ke­ting ug­ry bo­ýun­ça as­pi­ran­tu­ra de­re­je­si­ni al­dy. Te­le­ke­çi­lik tej­ri­be­si bo­lan Pet­kow hä­zi­re çen­li ýo­ka­ry goş­ma­ça gir­de­ji­li in­no­wa­si­ýa­lar ug­run­da bir­nä­çe tas­la­ma taý­ýar­la­dy. Ol bio­teh­no­lo­gi­ýa ug­run­da hem bir­nä­çe iş­le­ri bi­tir­di. Pre­zi­dent Ru­men Ra­dew ta­ra­pyn­dan bel­le­nen il­kin­ji wagt­la­ýyn hö­kü­me­tiň dü­zü­min­de yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di.
Tä­ze hö­kü­me­tiň dü­zü­min­de 15 mi­nistr bar. Hä­ki­mi­ýet­dä­ki koa­li­si­ýa­da Pet­ko­wyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän «Öz­ge­riş­lik­le­ri do­wam et­dir­ýä­ris» (PP) par­ti­ýa­sy bi­len bir ha­tar­da Bol­gar so­sia­lis­tik par­ti­ýa­sy (BSP), Sla­wi Tri­fo­no­wyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän «Şeý­le halk bar» (ITN) par­ti­ýa­sy hem-de mer­ke­zi sag­çy «De­mok­ra­tik Bol­ga­ri­ýa» (DB) bi­le­le­şi­gi bar. Ýur­duň 240 orun­lyk mil­li par­la­men­tin­de koa­li­si­ýa­nyň je­mi 134 or­ny bar.
21-nji no­ýabr­da ýurt­da ge­çi­ri­len pre­zi­dent saý­la­wy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Ru­men Ra­dew saý­law­çy­la­ryň 66,72% se­si­ne eýe bo­lup, ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
Bol­ga­ri­ýa­da şu ýyl üçün­ji ge­zek saý­law ge­çi­ril­di. Ýurt­da 4-nji ap­rel­de we 11-nji iýul­da (no­bat­dan da­şa­ry) par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ri­lip­di.
Bol­ga­ri­ýa Par­la­ment Res­pub­li­ka­sy bo­lup, Mil­li ýyg­nak 240 de­pu­tat­dan yba­rat, olar dört ýyl möh­let bi­len saý­lan­ýar. Par­ti­ýa­nyň we­kil­le­ri­niň Par­la­ment­de orun al­ma­gy üçin azyn­dan dört gö­te­rim ses al­ma­gy ze­rur­dyr.