Barselona toparynyň argentinaly ýyldyz oýunçysy Serhio Kun Aguero saglyk ýagdaýy sebäpli mejbury futbol karýerasyny tamamlandygyny göz ýaşlary bilen mälim etdi. 33 ýaşyndaky futbolçy 31-nji oktýabrda Barselonanyň Alawes bilen bolan duşuşygynda meýdançany terk etmeli bolupdy. Onuň ýürek ritminiň kadaly däldigi habar berlipdi.

2003-nji ýylda ýurdunyň “Independiente” toparynda professional karýerasyna başlan Aguero 2006-njy ýylda Atletiko transfer boldy. 5 ýylda bu klubda 234 oýunda 102 gol geçiren Aguero 2011-nji ýylda Mançester Sitiniň düzümine goşuldy. Şäherlileriň düzüminde 10 çykyş eden Aguero 390 duşuşykda 260 gol geçirdi. Ol Angliýanyň çempionatynda 184 gol geçirip, Premier Liganyň iň köp tapawutlanan daşary ýurtly futbolçysy bolupdy.  Şu tomusda Barselonanyň hataryna goşulan Aguero katalonlar bilen 5 gezek meýdança çykyp, ýeke-täk goluny-da El Klasikoda Realyň derwezesinden girizipdi.

Aguero milli ýygyndyda 101 duşuşykda 41 gol geçirdi.

2008-nji ýylda merhum Maradonanyň kiçi gyzy Jannina bilen durmuş guran Agueronyň Benžamin atly ogly bar. Aguero bilen Jannina 2012-nji ýylda aýrylyşypdy.