Ýapon alymlary hurmadan alnan tanin maddasynyň “Covid-19” keseliniň we onuň alamatlarynyň döremek ähtimallygyny peseldýändigini ýüze çykardylar. Häzirki wagtda bu ýokanja garşy sanjym we derman serişdelerini öndürmek boýunça gözlegler bütin dünýäde dowam edýär. Kaşihara şäherindäki Nara lukmançylyk uniwersitetiniň lukmanlarynyň geçiren synaglarynyň netijelerine görä bu miwäniň kowidiň alamatlarynyň döremek ähtimallygyny azaldýandygy ýüze çykaryldy. Ylmy maslahatyň netijeleri 8-nji dekabrda Angliýada geçirilen “Scientific Reports” -yň sanly görnüşinde neşir edildi.
Ilki Hytaýda we Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirilen bu miwä “jennet miwesi” ýa-da “jennet palmasy” hem diýilýär. Miwäniň düzüminde A, C, B1, B2 we B3 witaminleri, uglewodlar, fosfor, belok, kalsiý, demir, natriý, sellýuloza, Kaliý we magniý ýaly maddalar bar.