Tebigatyň bezegi bolan bu üýtgeşik agaç daşky görnüşi bilen tapawutlanýar. Ylmy ady “Aloidendron dichotomum” bolan bu ösümlige gysgaça “aloedendron” diýilýär. Günorta, Günbatar Afrikanyň endemik görnüşi bolan ösümlik Namibiýada has köp gabat gelýär. Ýurduň günortasyndaky Kitmanşup şäheriniň etegindäki aloedendron agaçlary dünýäniň dürli künjeginden syýahatçylary özüne çekýär. Bu özboluşly selçeň tokaýlyk 1995-nji ýylda tebigy ýadygärlik diýip yglan edildi we şondan bäri hem goralyp saklanýar. Aloedendron agaçlarynyň boýy 7-14 metr aralygynda bolup, sütüniniň diametri 1 metrdir. Ol özüniň täsin şahalanyşy bilen tapawutlanýar. Ýerli halk bu agaja “choje” diýýär. Olar agajyň şahalaryndan ok-ýaý ýasaýarlar. Ýerli halkyň aglaba bölegi awçylyk bilen meşgullanandygy sebäpli bu agaç olar üçin durmuşynyň möhüm bölegi hasaplanylýar. Agajyň içki gatlagyny emele getirýän parenhima öýjükleri ýumşak bolany üçin olardan ok-ýaý ýasamak amatly bolýar. Aloedendronlar esasan çöllük, ýarym çöllük we gurak ýerlerde ösýär.

Aloedendronyň esasy aýratynlygy hem onuň daşky kümüşsow-altynsow reňkli ýylmanak gabygydyr. Ol ýalpyldawuk bolup, Gün şöhlesini güýçli serpikdirýär. Onuň ýapraklarynda köp mukdarda suwuklyk, şire toplanýar. Ýapraklary uzyn lanset şekilli, gyralary diş-diş, 30 sm çenli ýetýär. Iýun-iýul aýlarynda gülleýär, gülleri açyk sary-agymtyl, uzynlygy 3 sm-e deň. Nektara örän baý bolup, ol mör-möjekleri üçin iýmit çeşmesidir. Emma onuň ilkinji güllemegine çenli 20 ýyla çenli wagt gerek bolýar. Bu agaçlar uzak ömürli bolmak bilen 200 ýyla çenli ýaşaýarlar. Olar ornitofil, ýagny guşlar arkaly tozanlanýarlar. Aloedendronyň köki halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Agaç landşaftyň özboluşly bölegi bolmak bilen esasan bezeg maksady bilen ösdürilýär.

Safiýa Hamrakulyýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby