Tehnologiýa pudagynda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan “Apple” harytlarynyň önümçiliginde ulanýan bölekleri dolulygyny özi öndürmek isleýär. “Bloomberg” neşiriniň maglumatlaryna görä, “Apple” geljekde “Broadcom” we “Skyworks” ýaly kompaniýalardan elektron enjamlaryň böleklerini satyn almagyny bes edip biler. Kompaniýanyň bu maksat bilen täze ofis açjakdygy öňe sürülýär. Olaryň arasynda USB birikdirijisi, simsiz zarýad beriji, “Wi-Fi” we “Bluetooth” ýaly aýratynlyklary üpjün edýän çipler bar. Beýleki kompaniýalaryň “iPhone” enjamlary üçin öndürýän iň uly böleklerinden biri hem modemdir. Köp wagtdan bäri “Apple”-iň çiplerini “Qualcomm” kompaniýasy öndürýär. Şeýle-de bolsa, kompaniýa soňky ýyllarda 5G çiplerini öndürmek üçin tagalla edýär. Kompaniýa şu ýylyň aprelinde tanyşdyran “iPad”-lerinde hem ö öndüren çiplerini ulanypdy. Tehnologiýa ägirdi öz işläp taýýarlan çipleriniň has güýçlüdigini öňe sürýär. Geljekde beýleki enjamlarynda hem “Apple”-iň çipleri we beýleki bölekleri has köp ulanylar.