Singapurly hünärmenler otag temperaturasyny dört pasylda kadaly saklaýan penjire döretdiler. Bu aýna şöhläniň dürli spektrlerinden peýdalanýar. Aýna howanyň temperaturasyna görä, awtomat usulda içinden geçmeli şöhläni sazlaýar. Hünärmenler bu aýnanyň energiýany tygşytlamakda we howanyň global maýylganlygynyň öňüni almakda peýdaly boljakdygyny belleýärler. Öý gurlanda ýa-da satyn alnanda onuň penjireleriniň haýsy tarapda bolmalydygyna aýratyn üns berilýär. Köp adam öýüň penjireleriniň günortada bolmagyny halaýan hem bolsa, gyşyna amatly bolan bu ýagdaý tomsuň jöwzaly yssysynda otaglary gyzdyrýar. Nanýan tehnologiýa uniwersitetiniň hünärmenleriniň oýlap tapan aýnasy bu meseläni aradan aýyrmaga ýardam eder. Bu aýna otagy yssy howada sowatmaga, sowukda ýylatmaga ýardam edýär.
Metalyň bir görnüşi bolan wanadiý dioksit atly material şöhläniň gyzdyryjy we sowadyjy häsiýeti bolan spektrlerini sazlaýar. Aýna yssy howada Günüň infragyzyla ýakyn yssy tolkunlaryny sowatmak üçin uzyn tolkunly infragyzyl şöhleden peýdalanýar. Gyşyna bolsa, onuň tersini edýär. Şeýlelikde, gyşyn-ýazyn otag temperaturasyny kadaly saklamaga ýardam edýär.
Uniwersitetiň bilermenleri bu aýnanyň energiýany ep-esli tygşytlamaga ýardam etjekdigini belleýärler.