Gol­lan­di­ýa­nyň Delft uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri is­len­dik ka­gy­za sy­ýa­syz ýag­daý­da çap edip bil­ýän usu­ly oý­lap tap­dy­lar. As­lyn­da, bu tär Gü­nüň aşa­gyn­da ka­gy­zy lu­pa bi­len ýak­ma­ga meň­ze­ýär. Ýag­ny ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler ar­ka­ly ka­gyz örän az muk­dar­da ýa­kyl­ýar. Bu teh­no­lo­gi­ýa Wen­ka­teş Çand­ra­se­kar ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­lip­dir. Ol şöh­le ar­ka­ly ön­dü­ri­len ener­gi­ýa­nyň ka­gy­zyň reň­ki­ni üýt­ged­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Adat­ça, bu usul­da ýa­zy­lan zat­la­ryň reň­ki go­ňur bol­ýar we wag­tyň geç­me­gi bi­len öç­ýär. Çand­ra­se­kar onuň hi­li­niň has ýo­ka­ry bol­ma­gy­ny we ada­ty çap bi­len deň bol­ma­gy­ny ga­za­nyp­dyr.
Bu çap usu­lyň ady köý­dür­mek. Bu usul­da esa­sy zat şöh­lä­niň muk­da­ry­ny saz­la­mak­dan yba­rat. Şeý­le­lik­de, ka­gy­zyň ýan­ma­gy­nyň öňi alyn­ýar we onuň hi­li go­wu­lan­ýar.
Usul la­bo­ra­to­ri­ýa şert­le­rin­de ga­ra­şyl­ýan ne­ti­jä­ni be­rip­dir. Hü­när­men­ler öz önüm­le­ri­ni ba­za­ra hö­dür­le­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler. Mu­nuň üçin bol­sa, prin­ter ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­k üçin tagalla ed­ýär­ler.
Çand­ra­se­kar bu usu­lyň bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da sa­tu­wa çyk­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ol, il­kin­ji no­bat­da, se­na­gat­da ula­nyl­ýan çap en­jam­la­ryn­da bu usu­lyň ýo­la go­ýul­jak­dy­gy­ny aýd­ýar. My­sal üçin, ha­ryt­la­ryň da­şyn­da­ky gu­tu­lar­ ýa-da ki­tap­lar çap edi­len­de ula­ny­lar. Soň­lu­gy bi­len, ofis we öý şert­le­rin­de hem peýdala­ny­lar.
Dün­ýä­de her ýyl­da or­ta­ça, prin­ter­le­re ni­ýet­le­nen 14 mil­liard dol­lar­lyk ga­ra sy­ýa sa­tyl­ýar.