Dünýäniň iň uly awtomobil bazary bolan Hytaýyň köp satylýan ulagynyň üsti açylyp-ýapylýan görnüşi peýda bolar. Bu ýurtda elektroulaglaryň ululy-kiçili örän köp görnüşi bar. Geçen ýylyň iýulynda satuwa çykarylan “Wuling Hong Guan Mini” ulagynyň üsti açylyp-ýapylýan görnüşi çykarylar. Häzirki wagtda bu ulag 4 müň 400 dollardan satylýar. Geljek ýyl müşderilere ýetirilip başlanjak ulagyň bahasynyň amatly bolmagy oňa bolan islegi has-da ýokarlandyrar. Kiçidigine garamazdan içki dizaýny adaty ulaglar bilen deňeçer bolan “Wuling Hong Guan”-yň “Cabrio” görnüşi iki orunlyk bolar. Häzirki wagtda elektroulagyň batareýasy tapawutly bolan esasy iki görnüşi bar. Olaryň biri bir gezekki zarýady bilen 120 kilometre, beýlekisi 170 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Kuwwaty 27 at güýjüne barabar bolan ulagyň ýokary tizligi sagatda 100 km-e ýetýär.
Maşat Maşadow,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.