Saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, halkyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamda durmuşa geçirilen we geçirilýän oňyn işler halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilikler gurulýar. Lukmançylyk pudagynda döwrebap derman serişdeleri öndürilýär. Olaryň çig maly derman häsiýeti bilen tapawutlanýan dermanlyk otlardyr. Ine, şolaryň hatarynda buýany görkezmek bolar. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde buýan we onuň dermanlyk ähmiýeti barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilendir. Alym hem-de lukman Prezidentimiziň buýanyň kökünden adam saglygy üçin peýdaly bolan glisirrizin turşusyny öndürmek babatda beren tabşyryklary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylýar. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygy hem ýola goýlup, Italiýanyň abraýly kompaniýasynyň enjamlary bilen enjamlaşdyryljak kärhana dörediler. Ony ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Buýan» obasenagat toplumynda gurmak meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, köki müň bir derdiň dermany hasaplanýan meşhur buýan ösümligi Amyderýanyň jülgelerinde, Daşoguz sebitinde, Tejende giňden ýaýran ösümlikdir. Şeýle-de, ol ülkämiziň daglyk we suwarymly ýerlerinde hem ösüp ýetişýär. Aýratyn hem ol soňky ýyllarda Lebap welaýatynyň çäklerinde ýörite ösdürilip ýetişdirilýär. Buýan kökünden ýasalýan däri-dermanlar gijilewügi, allergiýany, ýaralary bejermekde, adamyň immun ulgamyny ýokarlandyrmakda we başga-da birnäçe kesellerde peýdalanylýar.
Onuň köküniň düzüminde saklanýan ýokumlyklar ýokanç keseller, dürli sowuklamalar bilen baglanyşykly beden zäherlenmelerinde zyýansyzlandyryjy we peşew çykaryjy, temperaturany peseldiji serişde hökmünde ulanylýar.
Dermanlyk ähmiýeti uly bolan buýan kökünden ýasalýan dermanlaryň ählisi jana şypalydyr. Şonuň üçinem halk arasynda buýana bolan isleg uludyr.
Häzirki wagtda «Buýan» kärhanasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň düzümine girýär. Soňky ýyllarda buýan ekilýän meýdanlar giňäp, ol Köýtendagdan başlap, demirgazykda Darganata etrabyna çenli uzalyp gidýär. Her ýylda ýygylýan hasyl 13-15 müň tonna çenli baryp ýetýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen buýan köküniň gury toşabyny öndürýän zawod gurlup, «Türkmendermansenagat» birleşigine ulanmaga berildi. Ol zawodyň ýylda 1000 tonna önüm öndürmäge mümkinçiligi bolup, ýurdumyzyň eksport ukybynyň artmagyna saldamly goşant goşýar.
«Buýan» kärhanasy diňe içki bazaryň talabyny ödemek bilen çäklenmän, eýsem, Amerika, Ýaponiýa, Hytaý ýaly döwletlere hem dermanlyk önümlerini eksport edýär.
Kökünden derman taýýarlanylýan köpýyllyk ösümlik derýa ýakalarynda has köp duş gelýär. Hünärmenleriň baha bermegine görä, türkmen buýany hili we ulanylyş häsiýetleri boýunça dünýäde iň gowularynyň biri hasaplanylýar.
Ogulniýaz BABAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.