Awtoulag bäsdeşligine giren tehnologiýa kompaniýalarynyň biri bolan “Huawei” ilkinji elektroulagyny tanyşdyrdy. “HarmonyOS” amaly ulgamynda işleýän “Aito M5” modeliniň indiki ýylyň fewralyndan müşderilere ýetirilip başlanjakdygy mälim edildi. Ulagyň bahasynyň 39 müň dollardygy aýdyldy. Telekommunikasiýa we smartfon önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýa mundan soňra awtoulag senagatynda hem işlär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Riçard Ýu “Aito M5” modelini gibrid görnüşlidigini, elektrik energiýasy we adaty ýangyç bilen işlejekdigini aýtdy. Riçard ulagyň 20-nji fewraldan başlap müşderilere ýetirilmegine garaşylýandygy aýdyp, “Aito M5”-iň “Tesla”-nyň “Model Y” ulagyndan uzyn we kuwwatlydygyny belledi. “Aito M5” 250 müň ýuandan (39 müň 63 dollar), “Model Y” 280 müň 752 ýuandan satylýar. “Aito M5”-iň iki gatly ses geçirmeýän aýnalary bar.