Häzirki wagtda diňe elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglaryň däl, eýsem, motosiklleriň hem sany artýar. Köp ýyldan bäri motosikl önümçiligi bilen meşgullanýan “Ducati” kompaniýasynyň ilkinji elektromotory trassa çykdy. Iki tigirli ulag “Moto GP”-niň elektrik energiýaly motorly görnüşi bolan “FIM MotoE” ýaryşlarynda ulanylar. Italýan brendiniň elektromotorynyň daşky dizaýny adaty ýaryş motorlaryna meňzeýär. Häzirki wagtda nusgalyk görnüşde taýýarlanan “Ducati V21L” atly modeliň esasy tapawudy tüsseçykarynyň bolmazlygydyr. Tehniki aýratynlyklary doly mälim edilmedik ulagyň köp bölegi ýeňil materiallardan ýasalypdyr.

“Kawasaki” kompaniýasy hem elektrik energiýasy bilen işleýän ulagy işläp taýýarlaýar. Ýapon öndüriji daşky gurşaw üçin zyýansyz modelleriň önümçiligine has köp üns berer. Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli gibrid görnüşleri hem hasaba alnanda, 10 sany batareýaly modeli satuwa çykarar. 2035-nji ýyla çenli “Kawasaki” motorlarynyň uly bölegi elektrik energiasy bilen işlär. Kompaniýa geljek ýyl üç sany elektromotor modelini satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.

Nedir Italmazow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.