28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýän GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň däp bolan bu duşuşygyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary hem gatnaşýarlar.
Nobatdaky duşuşygyň maksady – 2021-nji ýylyň jemleriniň jemlenmeginden hem-de Arkalaşygyň çäklerinde netijeli özara hereketleriň ösdürilmegi boýunça geljekki hereketleriň kesgitlenilmeginden ybaratdyr. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde ýurtlaryň ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň we howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň meselelerine hem seredilip geçiler.