28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde  Sankt-Peterburgda geçirilýän GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimizi GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan B.N.Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Sammite şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýew hem çagyryldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň resmi däl sammitini açyp, hemmelere çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, dostlukly döwletleriň Baştutanlaryny guramanyň döredilmeginiň 30 ýyllygy hem-de GDA döwletleriniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Russiýanyň Lideriniň belleýşi ýaly, Arkalaşygyň döredilmegi, gürrüňsiz, uly ähmiýete eýe boldy. Dürli ugurlarda, biziň döwletlerimiziň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hem, ykdysady ulgamda hem ýakynlaşmak düýpli häsiýete eýe boldy. Onuň pikirine görä, hut ýola goýlan gatnaşyklar dünýäniň ähli ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolan pandemiýa bilen bagly çylşyrymly döwrüni hem geçmäge mümkinçilik berýär.

Koronawirusa garşy umumy göreşiň ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm hem-de derwaýys meseleleriň biridigini nazara almak bilen, ýokary derejeli duşuşyga Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamlaryň abadançylygy boýunça federal gullugyň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň Baş döwlet sanitariýa lukmany Anna Popowa çagyryldy. Ol howply ýokanja garşy göreşmekde bilelikdäki işiň geljekki ugurlary barada gürrüň berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş edip, Prezident Wladimir Putine bu ugurda edilýän kömek üçin minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki güne çenli Türkmenistanda bu pandemiýa hasaba alynmady. Russiýa Federasiýasynyň goldaw bermegi netijesinde biz ilkinjileriň biri bolup, özümizde “Sputnik V” hem-de “EpiWakKorona” waksinalaryny bellige aldyk. Häzirki günde biziň ilatymyza şol waksinalar bilen sanjym geçirildi. Ýaňy-ýakynda biz “Sputnik Laýt” waksinasyny aldyk. Ol eýýäm buster sanjymy hökmünde kabul edilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem täze başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş edip, ylmy lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip etdi. Hususan-da, GDA giňişliginde biologik howpsuzlygyň howplary barada aýdyp, bu ulgamda bitewi resminama täzeden garamagy we gol çekmegi teklip etdi hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň şeýle resminama eýýäm gol çekendiklerini belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Russiýadan tapawutlylykda, beýleki kliniki alamatly arid zolaklarda ýerleşýändigine duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, şu zolagyň aýratynlyklaryndan ugur alyp, bu ýokanjyň genomyny öwrenmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz berilýän kömek üçin minnetdarlyk bildirip, eger-de Russiýa hut bakteriologiýany hem-de wirusologiýany öwrenmek boýunça özüniň maslahatlaryny we gollanmalaryny merkezleşdirilen görnüşde berse, onda bu meselelerde bitewi çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanyljakdygyny nygtady.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen kärdeşine geljekki hyzmatdaşlyk barada aýdan oňyn teklipleri üçin hoşallyk bildirip, GDA döwletleriniň mundan beýläk-de bu ugurda hereket etjekdiklerine ynam bildirdi.

Täze ýylyň öňüsyrasynda GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşyklaryny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini bellemek gerek. Şol sammitlerde diňe bir ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenmän, eýsem, ýakyn geljek üçin esasy wezipeler hem-de bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar, esasy halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlar deňeşdirilýär.