Dünýäniň öňdebaryjy motosikl öndüjrileriniň bir bolan “Yamaha” 2022-nji ýylda iki sany elektromotor modelini satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. Birnäçe ýyldan bäri elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglaryň görnüşi köpelýän bolsa, indi motosiklleriň hem şeýle görnüşleri peýda bolup başlady. “Yamaha”-nyň elektromotor modelleri E01 hem-de E02 atly nusgalyk ulaglarynyň bazasynda dörediler. Nusgalyk görnüşler ilkinji gezek 2019-njy ýylda “Tokyo Motor Show” sergisinde görkezilipdi. Ýapon kompaniýasy ulaglaryň Ýewropa hem-de Aziýa bazarynda satuwa hödürlenjekdigini belleýär. E01 modelinde 125cc göwrümli ulaglaryň klasyna degişli bolup, kuwwaty 15 at güýjüne barabar motor oturdylar. Has pes E02 modeli 50cc klasyna degişli bolup, 5,3 at güýjüne barabar hereketlendiriji oturdylar. O diýen kuwwatly bolmadyk iki ulag hem şäher içinde sürmäge niýetlenendir. Ulaglaryň bahasy barada maglumat berilmedi.

Ata Atajykow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.