Ginnesiň rekordlar kitabyna iň uzyn sapakdan çekilen yrakly suratkeşiň portreti girizildi. 23 ýaşly Said Howidi Başun deri keseline uçran foto model Logina Salahyň suratyny döretdi. Umuman alanyňda, suratkeşe uzynlygy 6637 metre deň bolan sapagy saramak üçin 500 iňňebagjyk gerek boldy. Bu uzynlyk Elbrusyň we Kilimanjaro daglarynyň beýikliginden has ýokary, şeýle hem Dubaýdaky iň beýik bina Burj Halifadan sekiz esse uzyndyr.
-Men soňky 15 ýylda özümiň ykrar edilmegimi isledim. Şu gün Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren bir sungat eserinde özümiň janlandyrylandygymy görenimde, bu deri keseline uçranlary goldamak üçin özümi jogapkär hasapladym – diýip, fotomodel Salah belläp geçdi.
Suratyň meýdany 6,3 inedördül metre deň. Suratkeş ony döretmäge 16 sagat sarp etdi. “Said Başun öz suratlary üçin ýüpekden işilen ýörite sapak ulanýar” diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynda bellenilýär.