Ispaniýanyň hökümeti suwa düşülýän deňiz kenarlarynda çilim çekmegi gadagan etdi. Bu düzgüni bozanlara 2 müň ýewro çenli jerime salnar. Çilim süzgüçleri daşky gurşawa, esasan hem, deňze düşeninde has köp zyýan ýetirýär. Bu zyňyndylar ýöne bir zibil bolman, eýsem, düzüminde gaýtadan işläp bolmaýan zäherli maddalary hem saklaýar. Bu maddalar topraga we suwa zyýan ýetirýär. Jemi 8 müň kilometrlik kenarýakasy bolan Ispaniýada çilim galyndylarynyň deňiz kenaryna taşlanmagyna gadagançylyk girizdi.
Häzirki wagtda Barselonada we Kanarýa adalarynda kenarda çilim çekmek gadagan. Emma täze düzgün ähli plýažlara degişli bolar. Bu düzgün 283 müň adamyň teklibi bilen girizildi. Düzgüniň güýje girizilmegi “No Fumadores” (Çilime ýok!) atly kampaniýanyň çäklerinde amala aşyryldy. Ýewropanyň käbir sebitlerinde ýerli häkimiýetleriň karary bilen deňiz kenarynda çilim çekmegiň çäklendirilen ýerleri bar. Emma Ispaniýada ilkinji gezek tutuş ýurtda şeýle düzgün ýola goýuldy. Bu barada Milli parlamente hödürlenen teklibe, 182 wekil oňyn ses beren bolsa, 70 wekil garşy ses berdi, 88 wekil saklandy.