Çip önümçiligi bilen meşgullanýan “Intel” kompaniýasy global derejede elektron enjamlaryň we awtoulaglaryň önümçiligine täsir eden çip ýetmezçiliginiň 2023-nji ýyla çenli dowam etjekdigini mälim etdi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Pat Gelsinger global üpjünçilik zynjyryna “Covid-19” pandemiýasynyň täsiriniň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli dowam etjekdigini belledi. Onuň sözlerine görä, çiplere bolan isleg 20 göterim ýokarlanypdyr.
Şu ýylyň başyndan awtoulag öndüriji zawodlaryň gaýtadan işläp başlamagy, ýokary hilli elektron enjamlaryna bolan islegiň ýokarlanmagy çip ýetmezçiligine sebäp bolupdy. Dünýäniň iň uly ýarymgeçiriji öndürijileriniň biri bolan “Intel” bu meseläni çözmek üçin Malaýziýada 7,1 milliard dollarlyk täze önümçilik desganyň taslamasyny taýýarlady. Şeýle hem kompaniýa önümçilik infrastrukturasyny kämilleşdirmek üçin 20 milliard dollardan gowrak maýa goýum özleşdirdi. Gelsinger täze zawodlarda önümçiligiň başlamagynyň üç ýyl wagt aljakdygyny belledi.